Türkmen-Hytaı ykdysady hyzmatdaşlygy Gadymy oguz

Türkmen-Hytaý ykdysady hyzmatdaşlygy
Gadymy oguz-türkmenleri tarapyndan Çyn-Maçyn diýlip atlandyrylan Hytaý
Halk Respublikasynyň we Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň iň täze taryhy 1991nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň öz döwlet garaşsyzlygyna eýe
bolmagy bilen ýakyndan bagly boldy. 1991-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Hytaý
hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň hökümetiniň ykrar edilmegi, 1992-nji ýylyň
6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň we HHR-yň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň
ýola goýulmagy, soňra iki döwletiň arasynda başga-da ençeme döwletara,
hökümetara resminamalaryna gol çekilmegi türkmen we hytaý halklarynyň kökleri
müňýyllyklaryň jümmüşine gidýän köp asyrlyk dostlukly hyzmatdaşlyk
gatnaşyklarynyň esasyny düzdi we gadymy ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmegiň
ilkinji ädimlerine ýol açdy.
Iki taraplaýyn işjeň gatnaşyklaryň ösmegine iki döwletiň paýtagtlarynda
ilçihanalaryň açylmagy uly täsirini ýetirdi. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda
netijeli hyzmatdaşlyk ýyllarynda köp wajyp ugurlarda özara hereketleriň saldamly
tejribesi toplandy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň döwletara, hökümetara we pudagara
derejede gol çekilen 100-den gowrak resminamalary öz içine alýan ygtybarly we
berk halkara-hukuk binýady döredildi.
2007-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Hytaýa ilkinji döwlet saparynyň bolmagy bilen türkmenhytaý gatnaşyklarynyň täze bir sahypasy açyldy. 2008-nji ýylyň awgustynda
Hormatly Prezidentimiz Pekinde geçirilen XXIX tomusky olimpiýa oýunlarynyň
açylyş dabarasyna gatnaşdy. 2010-njy ýylyň maý we 2011-nji ýylyň noýabr
aýlarynda bolsa, HHR-na döwlet saparyny amala aşyrdy. HHR-yň öňki başlygy Hu
Szintao 2008-nji ýylyň awgustynda 2009-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistanda
resmi sapar etdi. Geçen ýylyň mart aýynda döwlet baştutany wezipesine saýlanan
Si Szinpin Orta Aziýa saparyna Türkmenistandan başlap, 2013-nji ýylyň 3-4-nji
sentýabrynda ýurdumyzda saparda boldy. Bu döwlet saparlary iki ýurduň taryhy
gatnaşyklarynyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Saparlar dostlukly
döwletlerimiziň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de giňelmegine we
berkemegine belent badalga boldy.
Söwda, maýa goýum, ulag, aragatnaşyk, himiýa, dokma senagaty, oba
hojalygy, saglygy goraýyş we innowasion tilsimatlar ulgamy hyzmatdaşlygyň
esasan ileri tutulýan ugurlarydyr.
Türkmen-hytaý söwda gatnaşyklary hem iki döwletiň arasyndaky
hyzmatdaşlygyň möhüm bölegini eýeleýär. Türkmenistan bilen Hytaý bu ugurda
strategik derejä ýetdi. Hytaý Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biridir,
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möçberi soňky ýyllarda ep-esli artdy we oňyn
depgini saklanyp galýar. Hyzmatdaşlygyň bu tarapyny işjeňleşdirmek maksady
bilen, hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komiteti döredildi. Häzirki döwürde
Hytaý Türkmenistanyň iň iri söwda hyzmatdaşy bolup durýar. 2012-nji ýylyň netijelerine görä, haryt dolanyşygy 9 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. 2013nji ýylyň birinji ýarymynda bu görkeziji 4,5 milliard amerikan dollaryna
golaýlady. Munuň özi Türkmenistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda
Hytaýyň öňdäki orna düşendigini alamatlandyrdy.
Häzirki wagtda ýangyç energetika toplumy, ulag hem-de aragatnaşyk, oba
hojalygy, dokma, himiýa we azyk senagaty pudaklary, derman öndürmek hem-de
gurluşyk ýaly ugurlara degişli Türkmenistanyň iri maýa goýum taslamalaryny
durmuşa geçirmäge hytaý kompaniýalary işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzda hytaý
maýasynyň gatnaşmagy bilen kärhanalaryň onlarçasy işleýär. 2011-nji ýylda biziň
ýurdumyzda hytaý maýasynyň gatnaşmagynda 37 kärhana işleýärdi, umumy
bahasy 4 milliard 500 million amerikan dollaryna golaý bolan 66 maýa goýum
taslamasy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynda, dokma önümçiliginde, aragatnaşyk
ulgamynda, gurluşykda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklary
barha giň gerim alýar. Hytaý hünärmenleri ýüpekçilik pudagyny ösdürmekde
türkmen kärdeşlerine ýakyndan ýardam berýärler.
Demir ýol ulgamynda hem Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda giň
gerimli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Taryhda Beýik ýüpek ýolunyň Hytaýdan
gelýän kerwenleriniň geçen Garagum çölüniň ýollaryny bu gün Hytaýdan satyn
alynan ýolagçy wagonlarynyň kerwenleri tükelleýär.
Ýangyç-energetika pudagy iki taraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri
tutulýan ugry bolup durýar.
Türkmen-Hytaý gaz geçirijisini gurmak we türkmen gazyny Hytaýa ibermek
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň iýul
aýynda Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyndan soň iş ýüzünde durmuşa
geçirilip başlandy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimizi
diwersifikasiýalaşdyrmak babatda alyp barýan parasatly syýasatynyň oňyn
netijeleriniň şöhlelenmesi bolup durýar.“Asyryň taslamasy” adyny alan bu
taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň esaslaryny düzýän iki resminama bu saparyň
çäklerinde gol çekildi.
Türkmenistanyň we Hytaýyň tagallalary bilen 2009-njy ýylyň dekabr
aýynyň 14-ne işe girizilen uzynlygy 7000 km bolan, dört döwletiň Türkmenistan –
Özbegistan – Gazagystan – Hytaý territoriasynyň üstünden geçýän we “asyryň
beýik gurluşygy” diýilip atlandyrylýan Transaziýa gaz geçirijisiniň 185 kilometri
Türkmenistanyň çäginden, 530 kilometri Özbegistanyň çäginden, 1304 kilometri
Gazagystanyň çäginden, 6811 kilometri bolsa, Hytaýyň çäginden geçýär.
Bu gaz geçiriji 30 ýylyň dowamynda her ýylda Hytaýa başda 40 mlrd
kubometr türkmen tebigy gazyny ibermäge niýetlenilendir.
Hormatly Prezidentimiziň 2011-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Hytaýa eden
resmi saparynyň dowamynda Hytaýa iberilýän Türkmen tebigy gazynyň
möçberini artdyrmak baradaky Ylalaşyga gol çekmegi we 2012-nji ýylyň iýun
аýynyň 5-7-si aralygynda bolsa, Hytaýda geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň agza ýurtlarynyň sammitinde Türkmenistandan Hytaýa tebigy gazyň
goşmaça möçberlerini ugratmak boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Çarçuwaly
ylalaşyga gol çekilmegi wajyp ähmiýete eýedir. Şu resminama laýyklykda, HHR-e
her ýylda ugradylýan tebigy türkmen gazynyň möçberi 65 milliard kub metre
ýetiriler.
Şeýle hem, HHR-iň başlygy Si Szinpiniň 2013-nji ýyldaky Türkmenistana
saparynyň dowamynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda Türkmenistanyň iň uly hem-de dünýädäki iri gaz
käni hasaplanýan “Galkynyş” gaz käninde ýylda 30 mlrd kub metr möçberde harytlyk gazy öndürýän desganyň taslamasyny düzmek we doly taýýar edip gurmak
barada şertnama gol çekildi. Gaz käniniň birinji tapgyrynda daşary ýurtly kompaniýalar bilen ýylda harytlyk tebigy gazyň 30 milliard kub metrini çykarmaga hem-de
taýýarlamaga niýetlenen desgalar toplumy guruldy.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty bilen “Galkynyş” gaz känini
özleşdirmegiň birinji tapgyrynda desgalaryň gurluşygy tamamlanyp, bu ýerde bir
ýylda jemi 30 milliard kub metr harytlyk gaz, 2 million tonna kükürt hem-de 400
müň tonna kondensat öndürmek meýilnamalaşdyrylýar.
Türkmenistan - Hytaý gaz geçirijisine “mawy ýangyjyň" goşmaça
möçberiniň ugradylşyny üpjün etmek maksady bilen, 2011-nji ýylyň 14-nji
dekabrynda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky ýangyç serişdelerine örän
baý "Bagtyýarlyk" şertnamalaýyn çäkde Hytaý tarapyndan gazy gaýtadan işleýän
ikinji zawodyň gurluşygyna başlanyldy.
Gadymy döwürde yklymyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň
häzirki günlerde täzeden dikeldilýändigini alamatlandyrýan bu transmilli gaz ugry
ykdysady, geosyýasy we durmuş ulgamy, şol sanda ähliumumy energetika
howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli meseleleri çözmek nukdaýnazaryndan ägirt
uly ähmiýete eýedir.
2010-njy ýylyň ýanwar aýynda Pekine we oňa ýanaşyk etraplara ugurda
“Szinbýan” gaz gysyjy bekedine tebigy gaz akdyrylyp başlandy. Bu waka
“Günbatar-Gündogar” gaz geçirijisiniň günbatar böleginiň doly ulanmaga
berilmegini alamatlandyrdy, ol Transmilli gaz geçirijisi bilen birleşdirildi. Şol gaz
geçiriji boýunça Samandepe ýatagyndan Özbegistanyň we Gazagystanyň üsti bilen
gaz akdyrylýar. Umumy uzynlygy 8700 kilometre barabar bolan “GünbatarGündogar” gaz geçirijisiniň ikinji şahasy Horgosdan (Sinszýan) gözbaş alýar we
ýurduň günorta etraplaryna, şol sanda Şanhaýa, Guanduna uzalyp gidýär-de
Gonkongda tamamlanýar. Şeýlelikde, Hytaýyň 15 welaýatynyň üstünden geçýän
täze gaz geçirijisi dört ýüz milliona golaý adamy “mawy ýangyç” bilen üpjün
etmäge mümkinçilik berer.
Iki döwletiň gatnaşyklarynda halklarymyzyň arasyndaky dostlugy
pugtalandyrýan we özara düşünişmegi esasy serişdeleriň biri bolup durýan medenigumanitar hyzmatdaşlyk hem barha uly orun tutýar. Hut şonuň üçin hem iki
ýurduň arasynda bilim we ylym, edebiýat we sungat, sport we syýahatçylyk
çäklerinde hyzmatdaşlyk barha pugtalanýar we giňelýär. Türkmen talyplarynyň
ençemesi bu döwletde ýokary bilim alýarlar.
Häzirki wagtda türkmen-hytaý gatnaşyklary täze, has-da ýokary derejä
çykdylar. Bu bolsa sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklulygyň
pugtalanmagyna we ösüşe oňaýly täsir edýär, şol sanda gadymy ýüpek ýoluny
täzeden dikeltmäge hem uly mümkinçilikler döredýär.
Döwletimiz bilen bu iri hyzmatdaşymyzyň arasyndaky gatnaşyklar hemişe
özara düşünişmegiň hem-de birek-biregi goldamagyň ýokary derejesinde alnyp
barylýar. Bu bolsa, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şerti
bolup hyzmat eder.
©Veritas, 2013