Indir - Ene dilim

enedilim.com
Nurmyrat Saryhanow
ŞÜKÜR BAGŞY
TÜRKMENISTAN
DÖWLET
NEŞIRÝATY
Aşgabat
1961
NURMYRAT SARYHANOW
ŞÜKÜR BAGŞY
Powest
Nurmyrat Saryhanow bu onçakly uly bolmadyk powestinde
halk üçin uly ähmiýete eýe bolan temany gozgaýar. Awtor bu
powestinde halk sungatynyň ekspluatatorlar synpyna hyzmat
edýän çüýrük sungatdan has belent derejede durýanlygyny janly
obrazlaryň üsti bilen hem ynandyryjy deliller bilen suratlandyryp görkezýär. Bu powestiň ýigrimi ýyl çemesi mundan ozal
ýazylanlygyna garaman, şu günki günde ol öz gymmatyny ýitirenok. «Şükür bagşy» powesti türkmen sowet proza eserleriniň
arasynda iň şöhrat gazanan eserlerden biridir. Okyjylar ony uly
söýgi bilen okaýarlar.
ii
enedilim.com
I
Ony öz obasyna ýetirmezdiler. Bu
gün bir obadan gelse, ertir ikinji bir
oba alyp giderdiler. Ony ýalaň «bir
günlük» diýip, öz obasynyň adamlaryndan sorap alyp giderdiler. Ýöne
welin şol «bir günlük» diýlip alnyp
gidilen sazanda gaýdyp bir aýdan-da, iki aýdan-da gelmezdi. Hemişe
şeýledi. Ony öz obasyndan bir çykaryp bilseler, onsoň aňsatlar yzyna
gaýtarmazdylar. Gezek-gezegine: obadan-oba, öýden-öýe, toýdan-toýa çagyrardylar.
Uzyn, agajetli, garaýagyz, ýaňy otuzdan agan ýaş ýigit sazandanyň bolsa ulumsylygy, jögüligi, näzini artdyrmasy bolmazdy.
Şunuň ýaly hem onuň ýadary ýokdy.
Arzylanyp çagyrylan ýere barardy. Onuň baryp düşen öýüniň
içi-daşy derrew adamdan dolardy. Ol dutar çalmaga başlardy we
öýi dolduryp oturan ýigitlerden, üzügiň etegini serpip, tärimiň
başyndan seredýän gelin-gyzlardan tizden joşa gelerdi.
Ol dutary emgenmän, kuwwatly ellerini, uzyn barmaklaryny
oýnadyp, şabram çalardy. Köplenç onuň çalýan heňlerý gahrymançylyk, edermenlik hakyndady. Ony diňläp oturan ýigitler
bolsa özlerini söweşde ýaly duýardy we ýürekleri bilen beter
joşardy.
Ol sazandady — diňe saz çalýardy. Sazandalygy bilen bolsa
halkyna özüni aldyryp bilipdi. Ýöne welin onuň ady il içinde «Şükür sazanda» diýlip ýöredilmän, «Şükür bagşy» diýlip ýöredilerdi.
Munuň özüne ýetesi sebäbi bardy.
Ol özüniň bütin ömründe iki sapar aýdym aýdypdy. Bu bolsa
1
enedilim.com
heniz özüniň ukybyny, hünärini saýlap alyp bilmän ýören mahallarynda bolupdy. Ine, şu iki gezek aýdym aýtmagy bilen onuň
ady «Şükür bagşy» bolup, il arasynda ýaýrapdy. Ol at ýöne-de bir
ýaýramady, örän ýörgünlilik bilen agyzdan-agza düşüp başlady.
Ol soň aýdym aýtmady, özüniň aýdym aýtmagyny düýbünden
goýdy. Aýdym aýtmak oňa çylşyrymsyz, ýönekeý zat ýaly bolup
göründi. Onuň bilen gyzyklanmady. Dutar onuň ünsüni özüne
çekýärdi. Şonuň bilen gidişýärdi. Dutaryň erkini öz eline aldy,
öz ýüregindäki duýgularyny onuň içine sygdyrmagy başardy. Şonuň üçin-de özüniň dili bilen, sesi bilen berjegini dutary arkaly
bermäge dyryşdy. Şeýle hem etdi. Hemişe saz çaldy, ýöne welin
başgalara öýkünip däl, özünden täze-täze heňler döredip çaldy.
Onuň sazyny halkyň nähili kabul edýänligi hakynda, ine, şuny
aýtmak bolar: uzak gyş gijelerin-de tä daň atyp, jahan ýagtylýança ol saz çalardy. Emma ilkagşamdan öýi dolduryp oturan
märekeden birjigi hem gozganmazdy we gözleriniň kirpigi kaklyşmazdy, her heňiniň soňundan hemmesi birden:
— Çal bagşy, ölmäsiň, iki elli ýaşa! — diýip aýdardylar. —
Elleriňe güller bitsin!
Sazanda şeýle diýilmegi besdi. Şunuň bilen onuň garyp göwni
bitýärdi we ruhy göge göterilýärdi. Çünki ol gazana garanjaklap
oturan, orta pul düşmese dürli bahanalar tapyp hezil bermeýän,
dutarynyň kirşini üzýän bagşylardan däldi. Onuň geregi halkyň
özünden hezil tapmagydy. Şunuň üçin garyp-pukaralar-da ony
öýlerine hem toýlaryna çagyryp, saz çaldyryp bilýärdiler.
Pully heň buýurmaga gurby ýetmeýän, şunuň üçin bolsa saz
çalynýan, aýdym aýdylýan ýere gelip bilmeýän, geläýseler-de
gyrak-çetde eginlerini gysyp oturýan garyplar: «Şükür bagşy
gelipdir, ol saz çalýar» diýşip eşiden deslerine, edip duran işlerini
taşlap, ýerli-ýerden gelerdiler we onuň sazynyň süýji labzyny
ünjüsiz, arkaýyn oturyp diňlärdiler.
Sazanda häzir-de obasynda ýokdy. Ol nirede bolsa-da bir
ýerde, içi adamdan dolup duran öýde saz çalyp, halka hezil berip
oturandyr.
Uzak bir obadan gelip, iki sany atlynyň ony alyp gidenine
kän wagt geçipdi. Onuň obadan çykandan soňky geçen günleriň
2
enedilim.com
hasaby ýitmeýärdi. Barmak basyp hasaplap oturan adamlar kändi.
Olar: «Bagşymyzy Kelteleriň obasyndan gelen atlylaryň alyp
gidenine şu gün iki aý, on bir gün boldy» diýerdiler.
Ine, şu günüň agşamsy sazanda obasyna gaýdyp geldi.
Ol ýyllar Duşagyň şyr-takyr meýdanynda öýleriň hemmesi
bir ýerde küren bolup oturýan obasy sazandanyň gözüne örän
uzakdan salgym atyp göründi. Onuň öz obalaryny göresi gelipdi.
Bu gezek yzyny idäp, obasyndan atly barmadyk bolsa-da, gezege durup, özüni alyp gaýtmadyk bolsalar-da, obadaşlarynyň-da
özüni göresi gelýänligini ol bilýärdi. «Bu agşam obanyň uly-kiçi
hemmesi biziň öýümize üýşerler».
Ol şeýle pikirlenip, olara tä daň atýança saz çalyp bermäge
özüni boýun edip gelýärdi. Hemişe şeýle bolýardy. Ýene-de şeýle
bolar diýip, ol öz ýanyndan ynanýardy.
Bagşy oba golaý gelýär. Geldigiçe obasy tukat, öýleriň oturyşy
gaharly bolup görünýär. Aýratyn hem obanyň bäri çetinde oturan
öz garaja öýleri çytylyp otyr. Oňa girýän-çykýan ýok. Beýleki
öýleriň gapysynda ak keçeli atlar arkalangy durýan bolsalar-da,
olaryň öýleriniň iň gowy bezegi — atlary hem häzir gapylarynda
görünmeýär.
Ol bularyň hemmesini gözünden geçirip geldi-de, agşamyň
ümüş-tamyşlygynda öýlerine girdi. Onuň üç ýaşyny dolduryp,
ýaňy dördüne giden sary gulpak gyzjagazy bardy. Ol şony görmäge we ony gujagyna götermäge höwes edip gelýärdi...
Gyzy öýde ýok. Ol ejesi bilen goňşy öýlerine çykypdy.
Içerde ýeke ýeňňesi bar. Ol köne dony başyna çümre bürenip, edil doňdurylan ýaly bolup otyr. Ýüwürjisiniň gelenine
begenip, onuň ýüzi açylmady, gaýtam gamaşdy. Şol oturyşyna
özüne berlen salamy hem almady, hatda bagşynyň ýüzüne hem
seretmedi.
«Muňa näme bolduka?» diýip, Şükür oýlanyp, oňa garady.
«Gamly-gussaly, aglap-aglap gabaklary güp ýaly çişip gidipdir. Bu menden hem öýkeli ýaly. Meniň näme etmişim bolsun?»
Ol şeýle diýip, ýene-de pikirlendi: «Näme-de bolsa yzymda bir
erbetçilik bolandyr».
3
enedilim.com
Onuň bolup oturyşyndan bagşy şuny düşündi we keýpi gaçdy. Onsoň ýeňňesiniň berjek jogabyndap çekinibräk durdy-da,
ondan sorady:
— Ýeňňe, näme beýdip otyrsyňyz? Gurgunçylykmy? Berdi
obadamy?
Ýeňňesiniň şol bir oturyşy oturyşdy. Ol geplese, ýa-da şu
oturyşyndan birazajyk gozgansa aglajakdy. Muňa güman ýok.
Aglamaga taýýar bolup otyr. Onuň şunuň üçin dymyp we gozganyp bilmän oturanlygyny bagşy aňlan hem bolsa gerek, soň
ony gepletjek we ondan zat eşitjek bolman, egninden dutaryny
keýpsizlik bilen aýyrdy-da, duldaky ýabaly agaja tarap ýöneldi...
Şu halatda ýeňňesi hem siltenjiräp turdy we içini hümledip,
ýüzüniň ugruna daşaryk çykyp gitdi.
«Bu nä boluş?» diýip, içerde bir özi galan Şükür ýeňňesiniň bolşundan hiç bir zat aňlap bilmän durdy-da, özüne tanyş
bolan öý goşlaryna seredişdirdi. Hemme zat öňki-öňküligine
dur. Olardan artany-kemäni ýok. Diňe bir hemişe dulda, tärimiň
başynda, asylgy durýan gylyjy — agasy Berdiniň egri gylyjyny
görmedi. «Gylyç ýok, gapyda at ýok, bularyň eýesi agam Berdi-de
ýok. Munuň bir emmasy bardyr. Ýeňňem biderek ýere aglap,
gaş-gabaklaryny çişiren däldir». Sazanda şeýle diýip, çuň pikire
çümdi.
Ýeňňesi öýüň gapdalyna öwrülen ýerde öňünden Bossan diýen orta ýaşan aýal çykdy. Ol aýal onuň ýeňňesiniň gözünden
düwmeläp akýan ýaşy görüp, aýak çekip durdy-da, oňa şeýle
göwünlik berdi:
— Dogan, Dursun, sen näme aglap, özüňi horlap ýörsüň?
Ol ölmändir-ýitmändir ahyryn. Saglyk bolsa, aman-sag geler.
Çykyp gelýän gytmy näme?
— Aý dogan, geljegine gözüm ýetýän bolsa, onda men, heý,
aglar ýörermidim? Oňa indi gelmek ýokdur. Men şuny bilýärin — diýip, Şüküriň ýeňňesi ol aýalyň sözüni kesdi. Onuň indi
dili açylyp gidipdi. Ýöne bir açylmagam däl, ýaňky bagşynyň
ýanynda dymyp oturanlaryny hem artykmajy bilen gepledi. Ol
indi başga birine eşitdirmekçi bolup, bir-biriniň yzyndan sugşuryşdyryp, şikaýatly sözleýärdi. — Jan dogan, Bossan, indi oňa
4
enedilim.com
gelmek, gelip maşgalasynyň içinde oturmak ýokdur. Men onuň
şeýle boljagyny ozalam bilýärdim. Şonuň üçin-de ozalyndanam
aglapdym. Illeriň zyndana düşüp, ýene-de boşap gelýänleriniň
dogany, aladasyny edýäni, elini nirä uzatsa ýetýän hossarlary
bardyr. Hany onda ol zeýilli hossar? Ol ýerden ýeke çykanyň
biridi ahyryn. Onuň aladasyny eder diýjegiň ýeke biri dälmi? Ol
onuň aladasyny etmez, iliň içinde saz-söhbet edip ýörse, oňa şol
besdir. Oňa doganam şoldur-beýlekem şoldur...
Ýok, beýle däl, Dursun. Sen häzir hiç zady pikir etmän, öz
başyňa ýaňraýarsyň. Bagşy hemmesiniň hötdesinden geler. —
Bossan şeýle diýip, onuň bagşa dil ýetirmegine garşy çykdy. —
Sen kem akyllyk edýärsiň. Ol ýekemidir, onuň hossary ýokmudyr? Ol ýeke däldir, dogany, il-güni bardyr...
— Sen her zat diýseň diý. Ol gelmez... Men...
— Goýup otur, namartaý. Oba baryny berer welin, ony alyp
geler.
— Goý diýseňiz, meňki aňsat: goýaryn.
— Goý, goýýan bolsaň! Näme haýry bar, beýdip aglap ýörmegiň?
— Goýdum — diýip, Şüküriň ýeňňesi öýüň gamşyna ýaplanyp,
aşak oturdy. Ol aglamjyrap, gözlerinden ýaş dökmegini dowam
edýärdi.
Onuň hem öz düşünişi bar ahyryn. Şeýle edip, Şükuri gynandyrmakçymyş we onuň ganyny gyzdyrmakçymyş. Ol ýeňňesiniň
iňirdisine çydaman, doganynyň ugruna çykmalymyş.
— Eger Şükür Şükür bolýan bolsa, şonsuz hem gyzar. Onuň
at münmeýänligine we alamana gitmeýänligine garamaly däldir.
Onuň dutarynda çalýan gahrymançylykly heňleri ýöne ýerden
gelip çykýan zat däldir. Oňa diňe bir: «Gaýrat et» diýmek ýeterlik. Onsoň ol öz etjegini özi biler... — Şeýle diýip, Bossan oňa
garaçyny bilen käýindi.
Bagşy öýüň dulundaky ýüke ýaplanyp duran ýerinden daşardan gelýän gürrüňiň baryny eşitdi. Ýeňňesiniň maksadyna we
başgalaryna bir kemsiz düşündi. «Hä, ol alamana gidip, ýesir
düşendir; ýeňňem şunuň üçin tasanýan eken. Meniň bu ikarada
näme günäm barka? Ol ýüzüni-gözüni gyşartman, ýöne göni
5
enedilim.com
aýdaýanda bolmaýarmyka?» Ol şeýle diýip, biraz oýlanyp durdy. Häzir onuň ýadyna uzak geçmişler düşdi, özüniň sazanda
bolmagyna birden-bir sebäpkär bolan adam — dogany gözleriniň öňüne geldi. Ol doganyny ýatlasa, bir ýany sazdy. Özüniň
sazanda bolup ýetişeni üçin, bagşy oňa minnetdardy.
Sazanda dutaryň yşkyna ýaş oglanlygyndan düşüpdi. Öz deň-duş oglanlary çybykdan at edinip oýnasa, ol agaçdan dutar ýasanyp, uzynly güni şony gazap geçirerdi. Ejesiniň ýüpegini azajyk-azajykdan ogurlap, öz ýasan dutaryna kiriş edip gutarardy.
Goňşularynyň dutaryny çalyp-çalyp bozardy. Ejesi ony ertir bilen ota ýa-da oduna ibärdi. Ol meýdan-da öz ýasan dutary bilen
meşgul bolup, agşamlyk boş diýen ýaly gaýdyp gelerdi. Ol öz
öýlerinden dutarly öýlerde kän bolardy. Özi çalman kesesinden
seredip otursa-da hezil edýärdi. Oňa bir iş buýurjak bolup ýa-da nahar wagty tapmasalar, iň ilki bilen baryp, obanyň dutarly
öýlerini barlap çykardylar. Ol hernä şol ýerlerden tapylardy.
Ejesi: «Sen bihepbe ogul boljak» diýse, kakasy bolsa: «Sen
eneň ogly, atdan dutary gowy görýärsiň» diýip, ikisi-iki ýerden
oňa käýärdiler.
Oňa diňe bir agasy käýemezdi, gaýtam, ol şol günleriň birinde
oňa bir warak — taşlanan dutar satyn alyp berdi.
Bagşy şonda sekiz-dokuz ýaşly oglandy. Ýöne welin agasynyň
şol ýagşylygy zehininiň düýbüne siňip, onuň ýadyndan asyl-ha
çykmaýardy.
Ene-atasyndan öňe düşüp, özüniň eline iň ilki gezek dutar
berip begendiren adam häzir zyndanda otyr. Ony ol ýerden alyp
çykmak hakynda bagşy näme pikir edýärkä? Ol sarsman durup,
bir zatlar oýlanýar. Agasy şonda at alyp beren bolsa, gylyç alyp
beren bolsa, onda onuň häzir nämäni oýlaýanyny takmynan
çak ätmek bolardy. Emma agasy oňa dutar alyp berdi ahyryn.
Ol dutar bilen meşgul boldy, ony elinden düşürmän, otuz dört
ýaşady.
— Bagşy jan, aman-sag geldiňmi? — diýip, öýüň beýle gapdalyndan bir garry aýal aldyrany bar ýaly bolup geldi-de, içerik
urup girdi. — Aman-sag gelen ýeriň bolýar. Elhepus, beýle kän
eglendiň. Gözümizi ýolda goýduň, nirelerde bolduň? Bagşy jan,
6
enedilim.com
düýn yzyňdan atlam iberipdiler. Sen oňa, belki, duşanam dälsiň, giden — Halykdy. Bagşy jan, obanyň ýigitleri seniň geleriňe
garaşyp durandyrlar.
Bu garry gelip, sazandanyň pikirini bozdy. Ol ozalam pikir
edip, çözüp bilýän zady ýokdy. Iki gulagy ýeňsesindedi. Onuň
aýdyp duran zatlaryna gaharlanjagyny-da, güljegini-de bilmeýärdi.
Garrynyň: «Obanyň ýigitleri seniň geleriňe garaşyp durandyrlar» diýmegi, onuň pikirini özüne çekdi.
Onsoň ol:
— Geldim özün-ä... — diýdi-de, garrynyň çugutdyrylyp oturyşyna seretdi.
— Gelen bolsaň, örän gowy edipsiň, bagşy jan! — diýip, ol
garry sözüni dowam etdirdi. — «Är başy gowgaly gerek» diýip,
biderek ýere aýdylan däldir. Bu är başynyň gowgany, kyn günleri çekip biljegi üçin aýdylan zatdyr. Agaň ýesir düşenine şu
gün sekiz gündür, biz gynanyp otyrys. Gynanmakdan, gyýylmakdan ne peýda? Sen gynanyjy bolmagyn. Oba öz sazandasyny
goldajakdyr. Sen indi biliňi pugta guşabergin. Dagyň bolmasyn...
Garry enäniň gürrüňi köpdi. Ol obadan habarlydy. Ýöne welin
onuň ähli aýdasy gelýänlerini jemläninde, esasy maksat soňky
aýdan üç jümlesindedi. Şony bagşa ilden öňürti aýtjak bolup,
ol şu günki gün bilen düýnki güni ýola seredip geçiripdi. Dogry.
«Oba sazandasyny goldajakdyr» diýip, ol aýtdy. Aýdan dessine
hem bagşydan mert jogap aldy.
— Bil pugta guşalgydyr, dutar hem örän guratdyr, Kümüş eje
— diýdi.
Sazanda pikirlenipdi, oýlanypdy. Onuň ýüzünden eýýäm
belli bir karara gelenligi we aýdyň bir maksat tutanlygy görnüp
başlady. Ýüzi ýagtylandy, gözleri ýiteldi, aşak düşen eginleri galdy. Ýeňillik bilen baryp, dutaryny ýap-ýaňy keýpsizlik bilen asyp
goýan ýerinden aldy. Onsoň öýüň ortasynda, keçäniň üstünde
aýbogdaşyny gurup oturagada:
— Kümüş eje, hany, ornaşykly otur. Men size saz çalyp berjek
— diýip, dutarynyň gapagyna gahar-gazap bilen kakyp başlady.
— Hany oturyň!
7
enedilim.com
Munuň indi tä daň atýança gitdigidir...
8
enedilim.com
II
Ozallar beýle bolmaýardy. Sazanda saz çalsa, obanyň uly-kiçi
hemmesi gelerdi. Hasam beter ara şeýle uzak wagt düşenden
soň, häzir bolsa... Bu agşam näme? Bu agşam şeýle bolmady.
Bagşy başyny galdyrman, oturyp saz çalýar. Onda-da ozalky
çalyşlarynyň çaky dagy-da däl. Emma gelenleriň atlaryny sanap
çykaýmaly. Näme üçinkä? Ýa bu agşam bagşy «derletme» sazyny
çalýarmyka? Şeýledir öýdýärlermikä? Gelenleriň azlygy şunuň
üçinmikä? Gelmedikler gelmeýşi ýaly galybersinler. Gelenler
kimler onda? Olar näme üçin gelipdirler? Hemişekisi ýaly dutar
diňlemek üçinmi, ýa gynanyşmak üçinmi ýa-da bagşylarynyň
ýüregini köşeşdirmek üçinmi?..
Olar öz eden işlerine ökünýän, şowuna düşmedik zada gynanýan adamlar däl. Obanyň «men» diýen garrylary we ýigitleri.
Az diýer ýaly şeýle bir azam däl. Gelip-gelip, bagşylaryň garaja
öýlerini doldurdylar. Olaryň içinde birlän-ikilän myhman ýigitlerem bar. Olar hem bagşynyň sazyny ozallar köp-köp eşidip
oturanlar...
«Derletmeden» gorkman gelenler özleriniň sazyny we sazandasyny söýýärdiler. Bu ýönekeý kölege söýgüsi bolman, hakyky
söýgüdi. Olar özleriniň şu söýgülerini ýene-de bir gezek görkezmäge gelipdirler. Olar ýöne diňlemäge geldilermikä ýa-da
jübülerini puldan dolduryp geldilermikä? Iki-ýeke jübüsini puldan dolduryp gelenler hem bolaýmagy mümkindi. (Bu azajyk
sanyň içine myhman ýigitler düýpden girmeýärdi). Emma welin
köpüsi beýle niýet bilen gelmändi. Dogry, olar boşam gelmändiler. Maslahatly gelipdiler. «Biz sazymyzy hem sazandamyzy
nähili söýýänligimizi uly ile görkezeris» diýip, öten agşam bagşylarynyň agasyny hanyň zyndanyndan alyp çykmagyň maslahatyny edipdiler. (Myhman ýigitlerem bu maslahatyň içinde bardy).
9
enedilim.com
Olar şonda eden maslahatlaryny bagşa habar bermäge gelipdiler.
Biziň etjegimiz bilen bagşy razylaşarmy, razylaşmazmy, buhakda olaryň arasynda gürrüň hem bolmandy. Belki, özleriniňkini
dogry diýip bilýändirler we bagşy şundan boýun gaçyrmaz diýip
pugta ynanýandyrlar.
Sazanda saz çalýar.
Ine, olar gelýärdiler we gelişlerine-de oturýardylar. Bagşylaryna aýtjaklaryny bolsa dilleriniň ujunda saklap çeýneýärler.
Sazanda saz çalýar. Başyny galdyrman çalýar. Dutaryň gapagyna zarp bilen urup, gahrymançylykly heňler çalýar. Şeýle
edip bolsa, ol öz maslahatlaryny aýtmaga gelenleri uzak gije
garaşdyryp oturtdy.
Bagşy özüniň gyzyp barşyna ýüregine we dutaryna sygdyryp
bilmedik ýaly, şeýle bir bendi gaty ses bilen aýdyp goýberdi:
Baba Gambar, bergen sazyň
Asly munuň agaçdandyr.
Agaç diýsem, ýaman görmäň,
Hemme güller agaçdandyr.
Ah, hemme güller, hemme güller,
Agaçdandyr, agaçdandyr!..
Mundan soň beýleki içini gysdyryp oturanlar-da saklanyp
bilmediler. Olar:
— Dur, bagşy, dur! Biziň hem saňa aýtjak bolup gelen bir
zadymyz bar. Şoňa bir gezek ber, bagşy — diýip, ondan soradylar.
Bagşy durdy we gapdalynda ýatan gara telpeginiň içinden
ullakan gyzyl ýaglygy çykardy-da, onuň bilen ýüzüniň derini
syrdy.
— Bolýa, men boldum, indi gezek siziňki. Aýdyp oturyň.
Ol şeýle diýip, ýigitleriň ýüzüne gülüp bakdy. Häzir onuň
şähdi açykdy. Şu şähdaçyklygyndan bolsa ýeňňesiniň we ýene biriniň gyjalaty aşagynda galmajagyna özüne ynamy barlygy
görünýärdi. Ol şu şatlygy bilen söweş heňlerini çalypdy we ýigitleriň ýüregini öňküden-de beter joşdurypdy.
10
enedilim.com
— Biziň bir senimiz bar! — Olaryň hemmesi biragyzdan şeýle
diýdiler. — Şunuň üçin biz seni gynandyryp asyl-ha bilmeris. Biz
söweşe çykjak!..
— Duruň — diýip, obanyň ýigitlerine serdarlyk edýän, çep
eliniň barmaklaryny gylyç alyp giden, şonuň üçin-de «Çolak Batyr» at galan Batyr ýerli-ýerden söze başlanlary saklady-da, bir
özi olaryň hemmesiniň tarapyndan sözledi.
— Bagşymyz, biziň ozaldan edip goýan bir maslahatymyz
bar. Saňa aýdyljak bolunýan şol maslahaty, biziň başymyz sag
bolsa, hökman ýerine ýetireris. Seniň agaň hanyň zyndanynda
oturmajagy — bu özüňe hem mälimdir. «Dogry gerek?» diýip, ol
sözüňi oturanlaryň hemmesine tassyklatdy. Şoňa görä biz şeýle
karara geldik: göni hanyň zyndanyna çozmaly. Ondan bolsa
seniň agaňy haku-nähak alyp çykmaly. At-ýaragdan seniň hem
şaýyňy tutjak. Neneň gördüň? Etmelisi şu.
Batyr bagşynyň ýüzüne seredip durdy. Bu aýdylanlar bagşynyň garaşmadyk zady däldi. Şunuň üçin ol geňirgenmän, ýöne
ýylgyryp diňledi.
— Batyr, maslahatda bolan ikinji gürrüňi hem aýtsana! —
diýip, duldaky bugdaýly çuwala ýaplanyp oturan ak sakgal Meret
ileri omzady.
Onuň aýtdyrjak bolýan zady Batyryň ýadynda hem bardy.
Ýöne welin ol ony aýtjak däldi. Oňa ozalam garşy çykypdy, häzir
hem şol garşylygy. Şonuň üçinem onuň ýene-de orta atyljak
bolmagyna gahary hem geldi. Onsoň ol ýüzüni çytyp:
— Meret aga, başga aýdyp durasy zat ýok! — diýdi.
Ol diýeni edilmedik garry ynjalyp bilmedi. Olam bu ýere
ýöne saz diňlemäge, tomaşa etmäge gelmändi ahyry! Onuň hem
bagşylaryna aýdasy gelýän zady bar. Şomy nähili görülse-de
aýtjak. Ol:
— Batyryň aýdany bilen razylaşmasaň, bagşy jan, onda... —
diýdi.
Onuň sözüni orta bilinden kesdiler.
— «Onda»-«onda» galsyn, haw!..
— Her zat-da bolsa, men aýtjagymy aýdyp galaýyn — diýip,
ol garry sözüni dowam etdirdi.
11
enedilim.com
— Bagşy, onda ýene-de bir maslahat: eger sen razy bolsaň, biz
seniň agaňy pul döküp almaga-da bar. Seniň üçin öz barymyzy
orta atýarys.
Onuň özi ýaly garry, at münüp alamana gitmekden galan,
indi gylyjyny oglunyň biline dakan, küşt oýnamakdan, başga
işi-pişesi bolmadyk Artyk onuň agzyna ýapyşdy-da:
— Goý-laýt senem, Meret, namartaý! Ýüz kerem bolmaýar
diýlip, geçilen bir zady ýene-de getirip orta atýarsyň! Sen bizi «Bagşylarynyň ýaga düşen agasyny obasy satyn alypdyr» diýen ýaramaz ada goýasyň gelýärmi näme? Esenpolat dagynyň
öz dostlaryny zyndandan alyp çykyşlary ýaly, bizem bagşymyzyň doganyny şeýle alyp çykarys. Zat berip almak, ol her kişiň
elinden hem geler. Ýigitler, maslahat birdir, şol birligine hem
bolmalydyr. Dagysy bolmaz! — diýdi.
Ol garryny beýlekiler-de ýazgardylar.
— Zatly bolýan bolsaň, onda ýigitler bagşynyň agasyny alyp
gerler welin, sen orta çykda baýrak beräý. Ýöne welin şonýança
maslahatyňy öz ýanyňda saklap dur...
Olaryň arasyna myhman ýigitlerden biri düşdi.
— Hany, bagşy näme aýdýar, şony eşideli-le? — diýdi.
Bagşy ýylgyrýardy. Onuň ýylgyrmagyndan näme-de bolsa
bir zat aňşyryljak bolunýardy. Şoňa görä adamlaryň başynda
şeýle sowal emele geldi: «Bagşy şu diýlenleriň haýsy birini kabul
ederkä? Kim bilýär, belki, ol üçünji bir teklibi orta atsa-da atar!
Üçünji näm bolarka?.. Bagşy häzirlikçe dutary taşlar!..
Myhman ýigidiň hemme oturanlar tarapyndan beren soragyna bagşy şeýle jogap berdi.
— Men näme diýeýin, ýöne sizden eden tamam çykdy. Sizden
göwnüm bitdi. Meni sylaýarsyňyz, sag boluň!
— Bagşy, aýdylanlaryň haýsy birini makul görýärsiň? Hany,
şonsuny aýtsana — diýip, garaňky duldan bir sorag orta oklandy.
— Bagşy, seniň razylygyň: ikiden birini aýt — şeýle diýip, ol
soragyň yzyna ýene bir sorag sugşuryldy.
— Birini kabul edip, birini kabul etmez ýaly, bu ýerde gürrüň
iki däl. — Batyr ol soraglaryň ikisine-de özi şeýle jogap gaýtaryp, bagşa ýüzlendi: — Bagşy, sen entek dutary taşla. Näme et
12
enedilim.com
diýsene, biliňe gylyç dakyn, onsoňam ata münde, meniň yzyma
düş! Seniň häzirki etmeli işiň şu!
— Dogry, gaty dogry — diýşip, oturanlaryň köpüsi Batyryň
aýdanyny makulladylar.
Şükür heniz-de ýylgyryp otyr. Ol bu meselä nähili bolsa-da,
olardan üstün garaýan ýaly. Hiç bir gyssag-gynag görmeýär. Ol
indi Batyra jogap bermeli boldy. «Sag boluň» diýmegi hiç kimi
kanagatlandyrmaýardy ahyryn.
— Munuň başga bir täri tapylmazmy, hökman bir gylyç dakynmalymy, ýa ata münmelimi ýa-da obanyň baryny syryp-süpürip hana bermelimi? Geliň, oýlanyp göreliň, heý, bir amatlyrak
tarapy tapylmazmy? Başarana ýol köpdür, Batyr — diýdi-de, Şükür Batyryň ýüzüne seretdi.
— Onuň başga täri bolmaz — diýip, Batyr murtuny towlady. Ol ýene-de bir zat diýmekçidi, onýança onuň ýanynda dyz
degşirip oturan ýigit:
— Başga tär gözläberseň, onda başa baran iş bolmaz. Biz
owalyndan oýlanar ýalysyny oýlandyk — diýdi.
Çolak Batyryň ol ýigide göwni ýetdi. Onsoň başga hiç zat
aýtmady-da, ýöne ýaňkysy ýaly:
— Onuň başga täri bolmaz — diýip goýdy. Sazanda Batyryň
gözleriniň içine seretdi we:
— Öz deň-duş ýigitlerim ellerine gylyç alanynda, men elime
dutar aldym. Olar at münüp, dumly-duşa çapanlarynda, men
halypalarymyň yzyna düşüp, ilat arasynda saz çaldym. Özümiň
barymy şu ugurda goýdum. Garadäli Gökleňiň «patasyny» aldym.
Şu dogrumy? — diýdi.
Batyr:
— Dogry, dogry, men bilýärin, hemmesini bilýärin. Ýöne
welin... — diýip, sözüni kesdi.
— Onda bolsa, aýdyň, men şu dutara at hem ýaragyň bitirjek
işini bitirdip bilerinmi ýa-da ýok?
Batyr onuň bu soragyna düşünmedik ýaly kürtdürip durdy.
Şoňa görä beýleki oturanlar Batyryň ýerine sazanda jogap
berdiler.
13
enedilim.com
— Bitirip bilersiň, ýöne welin ýeri gelende. Bagşynyň soragynyň aşagynda nähili meseläň ýatandygyna olar hem düşünmeýärdiler.
Ugrundan turulmandan soň, Batyr murtuny eli bilen ýetişdiginden towlaýardy. Ol şeýle edip, biraz oturanyndan soň:
— Bagşy, häzir iş başga. Etmeli işimizi edenimizden soň,
dutar hakynda arkaýyn oturyp gepleşeli. Dogry, sen dutara atyň-ýaragyň bitirjek işinden artygrak iş hem bitirdap bilersiň. Häzir
welin... Ol entek beýlede dursun.
— Men häzirkisini aýdýaryn. Hut şu işde.
— Bu iş bilen dutaryň nä dahyly bar? — Batyryň ýüzi çytylyp
gitdi. — Bolşuňa düýbünden düşünmeýärin, bagşy.
Bagşy hem gyzdy.
— Onda siz meni öz ugruma goýberip görüň. Men şu «warak» dutar bilen agamy şol ýerden çykarmaga synanaýyn. Eger
başaryp bilmesem, onda siziň diýeniňiz bolsun.
— Bu işde sen dutaryň bilen näme edip bilersiň? Bu akyla
sygmaýar, bagşy. Dutar diňe bir kölege şaýydyr. Bagşy, munyň
bolmady. Hany, sen näme diýesiň gelýän bolsa açygrak etde aýt.
Seniň öz başyňa bir zat çykarasyň-a gelýär. Näme-de bolsa, hany,
aýt. Biz eşidip oturaly... — diýip, oturanlar birden sorady.
Şükür öz pikirine garşy çykyljagyny, belli beter-de çolak Batyryň garşy çykjagyny ozalam bilýärdi. Emma welin ol öz diýeniniň
üstünde durjakdy.
— Men munuň bilen köp zatlar edip bilerin. — Sazanda dutaryny ýokaryk galdyrdy. — Ýöne siz närazyçylyk görkezmäň, men
bir synanaýyn!..
— Meselem?
— Meselem, şu onuň... — diýip, ol özüniň ýüregine düwen
hyýalyny aýtmaga oturdy. — Men mundan bir özüm dutar bilen
gidip, göni hanyň ýanyna barjak.
— Onsoň? — diýdiler.
— Onsoň agam üçin hana iki sany heň çalyp beräýjek...
Onuň beýle diýmegi aryň öýjügini gorjalan ýaly boldy. Oňa
garşy çykmadyk biri-de bolmady. Her haýsy bir zat diýdi. Galmagaldan ýaňa garaja öýüň içinde üýn alşar ýaly bolmady. Galmagal
14
enedilim.com
biraz ýuwaşandan soň, olaryň näme diýýändikleri düşünilip başlady.
— Nirä diýdiň? Hanyň ýanyna?..
— Hana ýaranjaňlygamy? Onuň öňünde boýun burmagamy?
— Han biziň sazymyzy eşidip hezil etmez!..
— Biz ondan adamymyzy onsuz hem alyp bileris!..
— Şol hanmy seniň sazyňa baha berjek?
— Han yzyňa it salyp kowar, nökerleri aşagyňa telpek oklar, bu bolsa uly ile ýeter... Biz oňa öz sazymyzy masgaraladyp
bilmeris!
Başgalary saklap, ýene-de çolak Batyryň bir özi gepledi:
— Bagşy, şu aýdyp oturanlaryň seniň çynyňmy ýa-da oýun
edip otyrmyň? Sen toýa gitjek ýaly-la. Ol ýere bu dutar bilen
asyl barmak bolmaz. Bu hyýalyňdan el göter. Şunuň üçin-de
maslahatda näme edilen bolsa, şonuň bilen bol!..
— Bagşynyň aýdanynyň-da jany bar, haw, adam-lar! — diýip,
Artyk Şükür sazanda ýüzlendi. — Başyňa döneýin, jan bagşy, aý,
inim Şükür, sen dogry aýdýarsyň. Seniň iki heňiňe dünýäniň
ýüzüni bermek bolar. Muňa söz ýokdur. Ýöne welin muny biz
bilýäris, diňe bir biz bilýändiris. Sen indi aýt: Han diýeniň, ol
kim? Onuň içi bizden tarap tütäp duran dälmidir? Heý-de gurt
ýaly ýigitlerden eline düşse, ony iki sany heňe berip goýberer
diýip bilýäňmi? Beýle bir zadyň hem görlüp ýa-da eşidilen ýeri
barmy? Onda-da handan? How, adamlar, maslahat ozalkylygyna
galýar. Ony mundan artyk degşirip oturmak bolmaz. Ýigitler,
ertirden aňryk şaýyňyzy tutmak bilen bolarsyňyz.
Ýigitleriň hemmesi birden: — Biziň şaýymyz tutulgydyr —
diýdiler. Onda bagşy:
— Hany, meniň näme etmekçidigimi ýagşy eşitseňiz-le —
diýip, sözüni hälki galdyrylan ýerinden alyp başlady.
— Men göni hanyň öz ýanyna barmakçy. Emma hanyň alnynda çöke düşjek däl. Baş egip, boýun boljak däl. Näme üçin baş
egip barmalymyşym? Ýüzümi ýokary tutup bararyn. Siz arkamda
duran wagtyňyzda, men adam öňünde baş egerinmi? Bararyn-da
iň ilki bilen siziň şu maslahatyňyzy, şu bolup oturyşygyňyzy bolşy-bolşy ýaly edip oňa aýdaryn. «Seniň üstüňe obamyň ýigitleri
15
enedilim.com
bilen atly-ýaragly hem gelip bilýärdim, horjuny puldan dolduryp,
düýäni halydan ýükläp hem gelip bilýärdim» diýerin. «Emma
şeýle gelmekligi maslahat bilmedim, şunuň üçin-de, ine, şeýle
geldim» diýerin-de, oňa dutarymy görkezerin.
— Ba-a.
— Boljak da, han eşidip oturaýsa.
— Onsoň?
— Onsoň, onuň içini köwmäge başlaryn. Biziň hemme zatdan
iň gowy görýän zadymyz saz diýerin.
«Şu ýalanmy?» diýip, sazanda göni Batyryň ýüzüne seretdi. «Dogry» diýip, oturanlaryň hemmesi tassykladylar-da: «Heý
saz-söhbete ýetesi zat barmy?» diýdiler.
— Sazy siziň hem söýýänligiňizi hem özüňiziň ýörite bagşy
saklaýanlygyňyzy eşidýäris — diýerin. Şonuň üçin siziň ýanyňyza saz bilen gelmegi maslahat bildik diýerin. Şu biziň iň uly
hormatymyz diýerin. Şeýle abaý-syýasat bilen onuň daşyna duzak ederin. Ol maňa saz çaldyrsa, dilimi gepletse bolýar... Ine,
meniň etjegim, nähili görýärsiňiz?
Dym-dyrslyk boldy.
Bu gezek onuň sözlemegine päsgel beren, gapdalyndan çykan
bolmady. Belki, razylaşandyrlar. Dymmak — razylygyň alamaty. «Ony nähili görýärsiňiz?» diýenine biri hem jogap bermekçi
bolmady. Artyk sakgalynyň ujuny sypalap, ýokarsyna tüýnügiň
çagarygyna seretdi. Onuň gözleri üzügiň ýyrtyklaryndan özlerine garap duran güýz gijesiniň ýaldyraşýan ýyldyzlaryny gördi.
Çolak Batyr ortada aýlanýan düýe çally okarany boşatdy-da, murtuny sypalaşdyryp, uludan demini aldy. Şu ikisine seredilýärdi.
«Näme jogap bererkäler?» diýýärdiler. Olar ýüzlerini aşak salyp,
märekäni özlerine ep-esli salym garaşdyrdylar. Ahyry bolmanyndan soň, ýene-de şol Batyryň ýanynda oturan we onuň öňüne
düşüp, batyrlyk satýan ýigit bu dymşyp oturmaklygy bozdy:
— Hanyň ýanyna şeýle barsaň, ol iň ilki bilen eliňden dutaryňy alar-da, ony iki epläp döwer, onsoň özüňi hem agaňyň
ýanynda oturdar.
Munuň diýenine goşulan bolmady. Ýene-de ýaňky dymşyp
oturmaklyk dowam etdi.
16
enedilim.com
Bagşy hem sözlemedi. Garaňky dulda sakgaly kätebir agaryp
görünýän ýaşuly bardy. Ol kän geplemeýärdi. Emma welin, göwnüne ýakmadyk zat bolsa, ol hakda iki agyz aýdyp, ýene-de edil
ýok ýaly bolup oturýardy. Oňa Oraz aga diýerdiler. Onuň sakgaly
ýene-de agaryp göründi, ol ýanynda oturan ýigitleriň egninden
ýapyşyp, ileri süýşdi-de şeýle diýdi.
— Adamlar, «Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde» diýip, weli
Magtymgulynyň bir aýdany bardyr. Keýmir hem özüniň gaýduwsyz batyrlygynyň daşyndan abaý-syýasat bilen-de birnäçe
işleri bitirip gelipdir. Seredip otursak, bagşynyň aýdanlary ýaňky
aýdanlaryma dogry gelýär. Biziň bagşa düşünmegimiz gerek. Biz
diňe bir ýigitlere, at-ýaraga daýanyp, bir ýerini depip hem durmaly däldiris. Bu harapçylyga tarap ýöremekdir. Asla batyrlyk
hil-hil bolýandyr. Heý, Görogly ýaly batyr bolarmy? Ol hem:
«Gaçyşym bar, kowşuma bermenem» diýip aýdypdyr ahyry. Eger
peýdaly bolsa, barymyzdan peýdalanybermegimiz gerekdir. Goý,
bagşy barsyn-da: «Üstüňe çozup hem agamy alyp gidip bilýärdim,
ýöne, bagşy bolanym üçin, bir-iki sany heň edip bereýin diýip,
sazymy aldym-da gaýdyberdim» diýip aýtsyn. Han diýmek bilen,
oňa hem jan gerekdir. Onuň hem at toýnagynyň aşagyndan çykýan tozanyň astynda galasy gelip duran däldir. Goý, bagşynyň
aýdanyna gulak asman görsün, ony masgaralap görsün, onuň
elini-aýagyny gandallap görsün. Geliň, bir synanyp göreliň. Eger
bagşa başartmaz ýaly bolsa, biz onsoňam bar...
— «Mollasy köp bolsa, toklusy harama çykar». Biziň geňeşimiziň soňy şoňa bardy. Maslahatdar köp boldy. Aý, bolmady-a,
biz şeýle etmekçi diýip, bu hakda Esenpolat daga-da habar edişdirdig-ä. Aý, bolýar-da — diýip, Artyk ýüzüni aşak saldy-da,
aýaklarynyň burnuna seretdi.
Çolak Batyryň öňüne düşüp oturan ýigit Artygyň yzy bilen:
— Mundan abaýam bolmaz, syýasatam. Asyl şu diýlip oturylanlar bolmaýar — diýip, pugtalap aýtdy-da, bir dyzynyň üstüne
galdy.
— Boldyryn, gatam boldyryn. Näme bolupdyr bolman? —
Sazanda gapdalynda goýan dutaryny gaýtadan eline aldy. — Men
boldyryn. Bolmasa hem synanyb-a galaryn. Onda-da hut ertiriň
17
enedilim.com
özünde, diňe bir özüm...
Çolak Batyr bilen Artyk başlyklaýyn, bagşynyň we beýlekileriň diýen-aýdanlaryna garşy çykýanlar köpçülikdi. Olaryň özleri
gidesi we sazlarynyň ady bilen ýöriş guraslary gelýärdi. Şeýle edip bolsa öz sazlaryny nähili gowy görýändiklerini uly ile
görkezesleri gelýärdi. Şuňa bagşy hem razy bolar diýip ynanýardylar. Olaryň tamasy çykmady. Şoňa görä keýpleri gaçdy,
sazandalaryndan göwünleri galdy.
Indi sözläre söz galmady. Bagşyny ýolundan alyp galyp boljak
däl. Şoňa hemmesiniň gözi ýetdi. «Diňe bir sazandany pata berip
ugratmak gerek».
Ana, Batyr ýüzüni aşak salyp turdy. Onuň yzy bilen beýlekiler-de turdular.
Batyr gapydan çykjak bolup duran ýerde:
— Gezek ahyrym bize geler. Bagşy, sen bir ýalňyşlyk edýärsiň. Parhy ýok. Bir synan, eger eýgerder ýaly bolmasa, onda biz
soňundan hem bar — diýdi.
Sazandanyň tarapdarlary hem ýerlerinden turdular, olar bolsa:
— Bagşy, mertlik we tutanýerlilik bilen! Ýaman at galmasyn
— diýdiler.
Şüküriň öz pikirinden gaýduwy ýokdy. Onuň başynda bu
pikir gyjalatdan dogmandy. Hanyň özüni nähili garşylajagyny
bilmezliginden hem, özüniň bir baryp sorajagyna düşünmezliginden hem däldi. Ol hemmesine düşünýärdi. Özüni we öz
sazlaryny, eger han masgaralaýyn diýse, onuň masgaralap biljegine hem düşünýärdi. Öz obasynyň ýigitleriniň batyrlygyna
we olaryň doganyny alyp gelip biljeklerine hem gözi aňry ýany
bilen ýetýärdi.
Bulara garaman, ol dutary bilen gitmekçi we agasyny şu dutary bilen hanyň zulumyndan gutarmakçydy. Özüniň eline iň
birinji gezek dutar beren adamy dutary bilen azat edip bilmese, onda onuň ýüregi jaý boljak däldi. Bu pikir onuň başyndan,
ine, şuňdan dogupdy. Hut şunuň üçin-de ol oba adamlarynyň
maslahatyny kabul etmän, öz pikiriniň üstünde pugta durýardy.
Sazanda hem ýerinden turdy we eline dutaryny alyp:
18
enedilim.com
— Men agamy şu dutarym bilen alyp gelip bilmesem, onda
onuň inisi bolup bilmedigim — diýdi.
Onsoň ol öýlerine gelenleriň hemmesinden öz göwnüniň hoş
bolanlygyny bildirip, olary güler ýüz bilen ugratdy.
19
enedilim.com
III
— Ýola ho-o-ol aýyrtdan düşersiň. Ol ýol ýüz kerem aýlanyp,
ýüz kerem dolanyp, şol başy agaryp görünýän garly dagyň içini
söker-de gider... Şony algyn-da gitgin oturgyn. Barýarkaň jülge
giňelip başlar, onsoň öňüňden obaçylyk çykar. Ana, şondan
aňryk han galasy on çakyrymlyk ýokdur...
«Barjak ýerim han ýanydyr» diýip, bagşy bezenjek-beslenjek
bolmady. Ozal näme geýýän bolsa, ýene-de şony geýdi, egninden
dutaryny asdy we söweşe gitmekden galan garry ata atlandy.
Onsoň onuň başyny ilerligine tarap sowup, duran ýerinden şeýle
takmynan salgy aldy-da ugrady.
Ol gidip barýar. Ýola belet garry at guýrugyny şuwwuldadyp,
göni şol aýyrda tutdurdy.
Bu nähili ýüreklilik! Bu nähili mertlik! Setan-da-seýranda
bir gidilýän, onda-da şeýle gidilmän, ýaraglar ýüklenip, ýigrimi-otuz atly bolnup gidilýän ýer bilen gidip barýar. Onuň gidip
barýan ýerinden han atlylary üstüne dökülip, oduna, suwa ýeke çykanlaryňy alyp gidip durýan ýeri bolsa-da, ýekeje özi hiç
zatdan heder etmän gidip barýar. Onun, ýaragy — dutary. Şu
dutaryna arkalanyp, öräň arkaýyn gidip barýar.
Obanyň uly-kiçi hemmesi (Diňe bir çolak Batyrdan, Artykdan,
ýene-de bir ýigitden özgeleri diýmek bolar. Olar öz diýenleri
edilmäninden soň, gün daşaryk-da çykman, uludan dem alyp,
bagşylaryndan gaharly ýatyrdylar) sazandalaryny ugradyp, onuň
yzyndan seredişýärler. Ol gidip barýar.
Oňa seredip duranlaryň arasyndan biri: «Näderkä? » diýip,
hemmede bolan soragy orta atdy. Beýlekiler oňa on ýerden on
dürli jogap berdiler: «Nätjegini obanyň ýigitleri bilen giden bolsa
aýdardyk». «Näme eder öýdýärsiň? Şu gidişi bilen hiç bir zat
etmez, bararda agasynyň ýanynda oturar». «Näme etse-de, özi
20
enedilim.com
sag-aman gelse bolýar». «Onuň nätjegi şol: özüniň şu gidişi bilen
biziň sazymyza ar-namys getirer». «Soňuna seredeliň, gitsin, her
zat-da bol-sa, onuň bu gidişinden, belki, at galar». «Belki, ol
biziň sazymyza şöhrat getirer...»
Onuň yzyndan seredip durup şeýle diýýärdiler.
Ol gidip barýar.
Bu edilýän çenleriň haýsy biri dogry bolup çykarka? Muny
häzirden aýtmak bolmaýardy. Haýsy-da bolsa bolup biler. Emma
ony ugradanlaryň köpüsi onuň bu gidip barşyna umytsyzlyk bilen garaýardylar. Olar sazandalaryny beýle ugratmakçy däldiler
ahyry.
Ol gidip barýar.
Sazanda oňa seredýär. Täze dogan günüň şöhlesi üstüne
düşüp duran daglara seredýär, dagyň içini söküp gitmeli. Dag
ony aty-zady bile öz demine çekip barýan ýaly.
Ol yzyna garaman, ýüzüniň ugruna gidip barýar. Emma özüni
ugradan adamlaryň heniz dargamandyklaryny, olaryň yzyndan
seredýändiklerini we özüniň şu gidip barşyny degşirýändiklerini
bilýärdi. Ýöne welin onuň şeýle gitmegine bolan närazyçylyklar,
umytsyzlanmaklar ony ýolundan saklap bilmeýärdi.
Ol gidip barýar.
Uzaga gitdi. Dagyň düýbüne baryp ýetdi. Garasy nokat ýalyjak bolup, şol aýyrda gireninden soň gözden ýitdi. Oba adamlary
şoňa çenli garap durdular. Ony gözleri bilen ugratdylar.
Aňry gitdigiçe sazandanyň pikiri artýardy, öten agşamky öýlerinde bolan gep-gürrüňleriň hemmesi biri-biriniň yzyndan
onuň ýadyna düşýärdi. Ol özüniň pikiri bilen dagyň içine eýýäm
girip gidenini we gara dagyň öz daş-töweregini gabap alanlygyny
soň bilip galdy.
Dag! Dag! Nirä seretse dag!
Üstünden ençeme asyrlary, ençeme döwürleri geçiren, ençeme galyň garlary eriden, emma garramaýan, hemişe bir görnüşini
saklap durýan, dünýäniň görki, ýeriň örki, gögüň diregi — dag
onuň töwerek daşyny guşap dur.
Dag! Dag! Nirä seretse dag!
21
enedilim.com
Dagyň içki syry bilen onuň tanyşlygy ýok. Şonuň eteginde
önüp-ösen bolsa-da, ol hakynda mergenlerden, batyrlardan kän-kän rowaýatlar eşiden bolsa-da, özi hem şu gara daglara garap
we şondan ylham alyp, birnäçe heňler düzen bolsa-da, heniz
onuň üstüne çykyp görmändi, häzirkisi ýaly, oňa şeýle ýakyndan
we täsin galyp seretmändi.
Dag onuň ünsüni özüne çekdi, başynda pelpelleşýän pikirlerini derbi-dagyn etdi. Ussat ýerlerde işlenip çykarylan ýaly
gat-gat galyp, asmana göterilen gara daşlar, olaryň üstünde gögerip oturan arça we kerkaw agaçlar, ýene şunuň ýalylar ony geň
galdyrdy. Ol şulara seredip duran ýerinde şeýle diýýärdi.
«Eşiden deň bolmaz gören göz bilen» diýlen sözi ýene-de
bir gezek tassyklady. Daşyň üstünde agaç gögeripdir, ulalypdyr.
Bular baryp-ha biziň obamyzdan-da görnüp durýarlar. Olaryň
köki neneň daşy deşip geçýärkä? Suwy nireden tapyp içýärkä?
Daşlar gat-gat goýlupdyr. Bu kimiň işikä? «Hezreti Aly gylyjy
bilen dagy iki ýarypdyr» diýerdiler. Bu dogry däldir. Heý, bu
daşlary gylyç bilen iki ýarmak bolarmy? Ýöne welin bu daglaryň
aşyklara ýol bermän, üstünde zaryn agladanlary, belki, dogrudyr.
Meniň welin ýolum açyk. Ine, şu jülge bilen gitjek oturjak...
Bagşy atyň başyny çekip, biraz salym şeýle pikir etdi. Ol çuň
jülgäniň içinde durup, ýokarsyna — daglaryň başlaryna seredýärdi. Bu ýerden garamak ony kanagatlakdyrmady, başlaryna
çykyp görmegi höwes etdi. Atdan düşdi. Onsoň sag gapdalyndaky üstüne abanyp duran uly dagyň süýr depesine dyrmaşyp
çykdy.
Beýik dag! Ine, şu ýerde ol yzyna öwrülip, öz watanyna birinji
gezek garady. Obasy aýak astyna gelipdir. Näçe ýöredim diýse-de,
giden ýeri ýok ýaly. Obasynyň welin özüniň görmeýänligine, ilinden arasyny açanlygyna, şundan aňryk gitse, hiç kimden haraý
ýoklugyna we başyna näme gelse özi çaramalydygyna düşündi.
Dogry, ol öz başyny bir özi çaramaga boýun bolup çykypdy.
Şoňa görä şu ýekeligi, dag we onuň öz göwsünde saklaýan iki
aýakly, dört aýakly wagşylary: belent ruhy basyp bilmeýärdi.
Şunuň ýaly hem: «Men han ýanyna nähili baryp bilerin? Ol meni
kabul edermikä? Nähili kabul ederkä? Eşege ters mündürip,
22
enedilim.com
yzyma it salaýmasa ýagşydyr. Men şu gidip barşyma halkymyň
sazyna ysnat getirmesem ýagşydyr» diýen ýaly gaýgyly pikirleri
etmeýärdi. Şu ýere gelip ýetenine onuň ökünji ýok, şundan aňryk
gitmäge-de hiç bir ikirjiňlenmeýär. Ol gitjek. Häzir ýöne daga
tomaşa edip dur. «Atylan ok daşdan gaýtmaz» diýip, ol baryp-ha
obalaryndan çykmanka aýdypdy ahyryn...
Ol bir çyzygyň içinde durmakçy däldi. Häzirki barýan ýerine öňi-soňy gitmekçidi. Sazandalygy bilen Kesarkajy, Maryny,
Salyr-Sarygy baglamak ony kanagatlandyrmaýardy. Hywany, Eýrany gezip, ol ýerlerde hem özüni bildiresi gelýärdi. Ýöne welin
beýle gitmekçi däldi. Özüniň söwer dosty Aly bagşy bilen we
başgalary bilen gitmekçidi.
Dagyň başynda ol töweregine ser salyp uzak oturdy. Päkize şemal onuň ýüzüni ýalap geçýärdi we pikirini durlaýardy.
Ol şu ýerde özüniň bu gaýdyşyny gaýtadan pikirinden geçirdi.
«Belki, men ýalňyşýan bolaýmaýyn? Obamyň batyrlaryny öýkeletdim. Olar bihal adamlar däldiler ahyryn. Oba olaryň agzyna
seredýär. Men näme üçin olaryň diýeni bilen bolmadym? Olar
hanyň kimligini menden ýagşy bilýändirler ahyryn. Kemakyllyk
eden bolmaýyn?» Ol şeýle diýip, töweregindäki daglaryň beýik
başlaryna ýene-de bir gezek garap çykdy we öz-özünden soran
sorag-aryna şeýle jogap berdi.
«Ýok, bu kemakyllyk bolup bilmez. Men agamy dutarym bilen azat etmelidirin. Şonda men onuň eden ýagşylygyny yzyna
gaýtaryp bilerin. Dutar! Dutar — gylyçdan zordur, zor hem bolmalydyr. Heý, dünýäde saz-söhbete ýetesi-de bir zat bolarmy?
Bolmaz!.. Bu diňe bir ynsana täsir etmän, haýwanlara hem täsir
edýändir. Munuň gadyryny-gymmatyny bilmeýän bolmaz. Dutaryň pygamberi Babagambar Hazreti Alynyň Düldülini bakýan
äken. Düldül horlanyp başlapdyr. Aly muny aňlapdyr. Onsoň ol:
«Düldül näme üçin horlanýarka?» diýip, onuň sebäbini biljek bolupdyr. Ýerasty bilen aňtap ýörýärkä, ahyry bir gün Babagambar
öz ýasan dutaryny çalyp otyrka, Aly onuň üstünden barypdyr,
şol wagt Düldül hem otuny iýmän, saza gulak asyp duran eken...
Iliň hany bolup oturan hanyň hem dutaryň gadyryny bilmegi
gerek ahyryn. Meniň şu barşym hakdyr! Men şeýle gitmeli23
enedilim.com
dirin. Şoňa obaň adamlary hem indi düşünen bolsalar gerek.
Ýegsam olar eýýäm gelip, meni yzyma gaýtarjak bolardylar we
töwella ederdiler. Meniň boş geljegimi olaryň arasynda, belki,
bilýänler hem köpdür. Hanyň ýanyna bararyn hem oňa agamy
berip goýbermäge mejbur bolar ýaly heňler çalyp bererin. Heňler
bolmasa...»
Häzir onuň pikirini bozýan zat ýokdy. Diňe bir dagyň düýbünde, dar jülgäniň içinde ýeke goýup gaýdan aty ýekesiräp kişňeýärdi we ony öz ýanyna çagyrýardy.
Bagşy dagdan düşmekçi bolanynda ýurduna gaýtadan gözlerini gezdirip çykdy. Gara baglar, obalar, süri-süri mallar, olaryň
aňyrsy bilen görünýän Garagumuň depeleri... Nähili hezil! Nähili gözel!.. «Bu ýurtdan çykyp, şu belent daglaryň üstünden
aşyp, ýene-de ýurduna gaýdyp gelip bilýän ýigitler köpdür...
Biziň şu gözel ýurdumyzy taşlap, mundan dönüp gidýän, baryp hana hyzmat edýän dönük gara sömlere nälet bolsun!.. Olary
halkymyň gargyşy ursun! Meni han gahar edip zyndanyna salsa-da, bu ýurdum meni hanyň elinde galdyrmaz!..»
Ol şeýle diýip, eline dutaryny alyp, Görogludan «Goja daglar» diýen heňi çaldy. Munuň ýany bilen onuň aýdymyna hem
gygyrdy.
Goja daglaryň başynda
Ýaz bir ýana, gyş bir ýana.
Titrär agzymyň içinde
Dil bir ýana, diş bir ýana.
Goja dagdan ýollar aşyp,
Ýaz bolanda çaýlar daşyp,
Gyr atymdan aýra düşüp,
Baş bir ýana, läş bir ýana.
Ah çekdim, bilim büküldi,
Sütünim arşa çekildi.
Gözümden sil dek döküldi
Gan bir ýana, ýaş bir ýana.
24
enedilim.com
Görogly diýer nädeli?
Baş alyp nirä gideli?
Öweze kömek edeli,
Dört bir ýana, bäş bir ýana.
Ah, dört bir ýana, bäş bir ýana!
Sazanda ol aýdyma şeýle bir gygyrdy, eger onuň sesini magnitli belent daglar, çuň jülgeler hiç bir ýana goýbermän, özlerine
çekip durmadyk bolsalardy, onda obasynyň adamlary diňläp oturyp bilerdiler.
Bagşy dagdan düşdi. At ony hokranyp garşyla-dy we atlanmagyny isläp, gelip ýan berip durdy.
Bagşy bu atyň eýesi däldi. Ozal oňa bir gezek-de münmändi
we bir gysym-da ot bermändi. Emma olar geçen bäş sagadyň
içinde dostlaşypdylar.
Ol gidip barýar.
At ozal özüniň onlarça gelip geçen ýolundan — gara daşlaryň
üstünden aýaklaryny batyrgaý basyp gidip barýar.
«Gyrmyldan gyr aşar». Sazanda bir gün ýöredi, iki gün ýöredi,
onsoň üç gün ýöredi. Ahyry hanyň galasynyň işigine ýetip aýak
çekdi. Şu ýere çenli oňa ýaman niýet bilen duşan adam bolmady.
Kim öňünden çyksa, ilki näme üçin barýanlygyny sorap, onsoň
oňa ýol salgy beripdi.
Hanyň iki sany nökeri bagşyny şeýle bir «yhlasly» şeýle bir
«gadyrly» garşylady, hiý diýip-aýdar dagy eder ýaly bolmady.
Geljegini bir aý öňünden eşidip, gije-gündiz ýoluna garap duran
myhmanlaryny hem şeýle içgin «garşylamaýan» bolsalar gerek...
Sazanda hanyň howlusyna, şäheriň belent we ajaýyp jaýlaryna
seredip tomaşa etmäge hem goýmadylar.
At halys durupdy. Şu ýere öz sütünini süýndürip atypdy.
Mundan aňryk onuň taýaklap kowulsa hem gideri ýokdy.
Hanyň nökerleri onuň iki jylawyndan şapba ýapyşdylar-da
sakladylar. Onsoň onuň üstünden bagşyny tutaklap düşürdiler.
Olaryň ikisi iki ýerden sazandanyň egninden dutaryny sypyryp
aldylar-da, gabyndan çykaryp gördüler.
25
enedilim.com
Hyrly tüpeň däl! Örän gurat, kirişleri zyrňyldap duran dutar!
Eliňe alyp çalybermeli. Onuň şol beýik dagyň üstünde oturylyp
düzülişi. Kirişler birazajyk-da gowşajak bolmandyr.
Geň galmaly zat. Olar dutar bilen gyzyklanmadylar. Ony bir
ýana, elleriniň tersine taşladylar-da, onuň eýesi bilen boldular.
Jübüsini, goltugyny barladylar. Onsoň guşagyny çözüp, onuň
gatlaryny agtaryşdyrmaga durdular. Dökdüler: Emma ellerine
oňly zat ilmedi.
Bagşy şu ýerde aşaky dodagyny dişläp, başyny ýaýkady. Näme
üçin beýle etdikä? Dutary zat hasap edilmän, onuň bir ýana
taşlananyna şeýle etdimikä? Jübüsini puldan dolduryp gelmäni
üçin bolmasyn? Belki, şoňa ökünendir! Ýöne welin onuň özi
hem bilini sermeşdirdi. Näme üçinkä! Onuň aýda-ýylda bir gün
ak saply pyçak göteräýmesi bardy. Belki, şony gözländir? Iki
gaşynyň arasyndaky hamyň joýa ýaly bolup çyzylyp gitmegi şony
hem çen etdirmän durmaýardy.
— Nireden gelip, nirä barýarsyňyz? — diýip, olar ýaňky içgin
ýapyşmaklaryny goýdular-da, gaty ses bilen bagşydan soradylar.
— Indi bolduňyzmy? — diýip, bagşy olardan sorady.
— Bize habaryňy ber! Nireden gelýärsiň?
— Şeýleden gelýärin — diýip, bagşy gelen yzyna tarap çytylyp
duran ýüzüni öwürdi. — Şu dagyň aňry ýüzünden. Barşym bolsa
siziň hanyňyzyň ýanyna! Meni onuň ýanyna alyp baryň!
— Hanyň ýanyna? Siz kim bolarsyňyz? — diýip, olar arkan
çekilip durdular-da: — Biz bilmändiris, biziň günämizi geçiň!
Hanymyzyň ýanyna barýan bolsaňyz! — diýdiler.
Olar şeýle diýip, bagşa ýalbarmaga we ýaňky boluşlaryndan
ötünç soramaga durdular.
— Hawa, hanyň ýanyna. Meni onuň ýanyna alyp baryň!
— Bararys, häziriň özünde!
Gaçar gorkusy bolmadyk, ýöne welin özüniň kabul edilişinden närazy bolan myhmanynyň ýanynda olaryň biri galyp, beýlekisi galanyň içine urup gitdi.
26
enedilim.com
IV
Han öz oturýan otagynda gününi nämä güýmenip geçirjegini
bilmän, töweregini garanjaklap, tukat halda otyrdy. Ol näme
bilen gyzyksyn? Ýaş aýallary bilenmi, bagşysy we gürrüňçileri
bilenmi? Bular her günde bolup durany üçin, ony halys irizipdi.
Oňa häzir, näme-de bolsa täze bir süňňi ýeňillik gerekdi. Nähili
täzelik ol? Ony hanyň özi aýdyp berip bilmeýärdi. Her halda
handyr. Beýle içini gysdyryp uzak oturmaz. Nähili bolsa-da onuň
keýpi tutar ýaly hezillik tapylar. Muňa güman barmy? Ýanynda
oturan iki sany adam şonuň aladasyny az etmeýärdiler ahyryn...
Sazandany derwezäniň daş ýüzünde goýup, özi aýak aldygyna
gaýdan nöker, şol gaýdyşyndan ýazman, hanyň oturan otagynyň
işigine geldi-de, rugsat almak-beýleki ýok, gapyny şarkyldadyp
açdy. Onsoň aýaklaryny jüp basyp:
— Ha-han aga, s-siziň ýanyňyza gelmegi s-sorap bir adam
geldi — diýdi.
Ana saňa täzelik!..
Hanyň süzülip duran gözleri ýalpa açyldy. Nökeriniň bolup
gelşinden gelen adamyň ýönekeý bir adam däldigini ol aňlady
we öz söýgüli adamlaryndan biridir diýip bildi-de:
— Bar, gelsin! — diýdi.
Nöker alyp gelmäge gitmedi. Özüniň heniz aýtmaly zady bar
ýaly we şony aýtmaga özüni taýýarlaýan ýaly, demini dürsejek
bolýar. Ondan habarsyz han onuň direnip durmagyna gahar edip:
— Kim ol? — diýip sorady-da, onuň berjek jogabyna garaşmak
bilen bolman, ýene-de:
— Bar, derrew alyp gel! — diýip, ony gyssady. Oňa: «Bar,
derrew alyp gel» diýmän, iň ilki bilen ol geleniň kimdigini ondan
ymykly soramalydy. Nöker geleniň kimdigini mazaly aýtman,
ýöne «Git, getir!» diýleni bilen ony bu ýere alyp geljek gümany
27
enedilim.com
ýokdy. Şonuň üçin-de direnip durdy we demini dürsejek bolýardy.
Ol ýene-de sojap:
— Biz onuň kimdigini bilmedik. Soradygam welin aýtmady.
Öz-ä türkmen. Ýöne täk bir özi! «Meni hanyň ýanyna alyp baryň»
diýip, bizden sorady — diýdi.
— Kim? — diýip, han gaýtadan sorady we özüniň ýaýrap
oturyşyndan çaltlyk bilen ýygnandy:
— Näme üçin onuň kimdigini, näme üçin gelenligini bilmediňiz? Türkmen diýdiňmi?
Nöker gyssandy:
— Tanamadyk, h-han aga. Biz soradyk: «Siz kim bolarsyňyz»
diýip. Ol jogap bermedi. Ýöne: «Meni hanyň ýanyna alyp baryň»
diýdi. Öz-ä tüýs türkmen. Täk bir özi!..
— «Türkmen, täk bir özi». «Men han ýanyna barýaryn. Han
ýanyna barýaryn». — Han şeýle diýip, nökeriniň küti dodaklaryna
süýkeşdirip aýdan sözlerini öz dili bilen tekrarlady-da: «Kimkä?
Ol bu ýere näme üçin düşdükä? Belki, dönük bolup düşendir ýa
ýesirlerini satyn almaga geldimikä?» diýen pikire gitdi. Onsoň
ol ýene-de:
— Täk bir özümi? — diýip, ýaňadandan sorady.
— Hawa, täk özi. Bir hor ýabysy bilen, bir dutary bar.
— Dutary bar diýdiňmi? Bar, onda tiz alyp gel — diýip, han
nökerine buýurdy. — Ylgap git-de tiz getir!
Ol şeýle diýip, buýrugynyň üstüni ýetirdim etdi. Onsoň ýanynda oturanlaryň birini hem oňa goşup goýberdi.
Olar myhmany häziriň özünde alyp gelerler. Ylgap gitdiler.
Emma hanyň şoňa-da sabry ýetmedi. Ýerinden tasanjyrap turdy. Olaryň yzyndan ol hem ylgamakçymyka? Daş işige çykyp
durdy we öňi bilen hiç bir zatdan habarsyz bir nökeriniň geçip
barýanlygyny gördi. Han oňa gygyrdy:
— Bar, tiz alyp geliň!
Nämäni alyp gelmeli? Ol nöker hiç zat bilmeýärdi ahyryn.
Şunuň üçin ol gazyk ýaly dikilip durdy we özüniň nämäni alyp
gelmelidigini sorady. Han oňa düşündirmez. Şeýle hem etdi.
Özüniň näme buýurýanyny bir sözde aýdaýmagyň ýerine, oňa
28
enedilim.com
on gezek agzyny dolduryp, hapa sögünçler bilen sögdi. Bu nähili
gaharly han? Indelmezden gelen myhmany hem şeýle gahar
bilen garşylaýmasa ýagşydyr.
Sazanda hanyň ýanyna getirildi.
Han bilen bagşy salamlaşanyndan soň, ara dym-dyrslyk düşdi. Bu dymşyp oturmaklyk uzaga çeken bolsa hem hiç kimiň
ýüregine düşmeýärdi. Belki, onuň mundan artygrak hem dowam
etmegini iki tarapam isleýändir?
Hanyň gözleri bagşyda: onuň dutaryna, gara silkme telpegine, agar çäkmenine we aýagyndaky owadan gülli jorabyna, pikirli
ýüzüne, hemme zady göresi gelmeklik bilen garaýan gözlerine
seredýär.
Sada türkmen ýigidi. Onuň gyn-gyssag görmän, azajyk-da
ýylgyrman, örän arkaýyn oturmagy hanyň ünsüni hemmesinden beter özüne çekdi. «Kimkä? Bagşymyka ýa-da ýurt çalyp
ýörenmikä? Dutary ýüzüniň perdesi bolaýmasyn?»
Han şeýle pikir edip, oňa syn etmeginden belli bir netijä gelip
bilmeýärdi. «Her halda ýöne adam däldir» diýip, ahyrsoňy oňa
şu umumy bahany berdi.
Sazanda özüniň gözden geçirilýänligini aşaklyk bilen aňlaýardy. «Synlabersinler. Kel däl. Kör däl. Ýirik-ýyrtygym ýok».
Bagşy içini gepledip, hanyň ýaşaýyş derejesini gözden geçirýärdi.
Mämmetýar hanyň derejesi onuň ýadyna öz hanlaryny düşürdi.
Ol Nurberdi hanyňka barmandy, onuňka baryp, saz çalmandy.
Ýöne welin onuň gyzyl begres bilen nagyşlanan ullakan çadyrda
oturýanlygyny kesesinden seredip görýärdi. Onuň içine haly
düşelgidigini bolsa görenlerden eşidýärdi.
Ine, şolardy...
Ol häzir içine gül pürkülen ýaly tamda otyr. Onuň owadan
nagyşlaryna gözi gidip seredýär. Ol her halda özüniň bu derejä
geň galanlygyny gizläp bilşinden gizlejek bolýardy.
Minutlarça dowam eden bu dymşyp oturmaklygy ahyrsoňy
hanyň özi bozdy.
— Hm, myhman, ýagşy geldiňiz, hany, danyşyp oturyň! Käriňiz näme bolar? — diýip, han sazandanyň gapdalynda diwara
söýelgi duran dutara garady. — Bagşymysyňyz? Ýa-da...
29
enedilim.com
— Kär sazandalykdyr, han aga — diýip, bagşy şol bir çök düşüp
oturyşyna jogap berdi.
— Çoh ýagşy! — diýip, han sakgalyny sypap, bir gobsundy-da
ýene sorady:
— Onda, siz, aýdyp oturyň, kim bolarsyňyz? Men türkmenleriň atly bagşylaryny eşidýärdim: Garadäli bagşyny, Aly bagşyny,
başgalary...
— Men atly bagşy däldirin — diýip, sazanda jogap berdi. —
Men ýöne öz ýurdumyň diýsene — diýip, han gözlerini elek-çelek etdi. Ol oňa ýamaşgandan garamaga durdy. Onuň häzirki
seredişi ozal görüp bilmän galdyran zadyny indi bilen ýaly ýa-da
şoňa meňzeş bir zady gözläp tapjak bolýan ýaly örän ýitidi.
Bagşynyň şol bir oturyşy oturyşydy. Ýüzünde-gözünde üýtgeýän ýeri ýok. Ol gönüsini aýdypdy ahyryn.
Sazandanyň bu nomaý sözüne hanyň çyndanmy ýa-da ýalandanmy, garaz, gülküsi tutdy:
— «Öz ýurdumyň sazandasydyryn» diýdiňmi, myhman? Hy-hah hyh-h-h...
Han gülýär. Ol bagşy bilen hezilleşip gitdi, keýpi göterildi.
Onuň gülküsini goldan beýleki iki adam-da gülýärdi.
Olaryň näme üçin gülýändiklerine, belki, sazanda-da düşünýändir. Ol: «Gülseňiz gülüň» diýen ýaly edip, ýene-de:
— Hawa, men öz ýurdumyň sazandasydyryn! — diýdi. Şeýle
diýmegi bilenem onuň ýüzi hem çytylyp gidipdi.
Öz gülküsiniň myhmanyna täsir edenine begenen ýaly, han
ýene-de şol gülküsini dowam etdirdi.
— Hah-hyh-h-h-h, myhman, sen «öz ýurdumyň» diýip, ne
uly gepläp başladyň? Haýsy ýurduň?
— Öz ýurdumyň.
— «Öz ýurdumyň sazandasydyryn» diýdiňmi, myhman?
— Hawa, men öz ýurdumyň sazandasydyryn.
— Haýsy bir ýurt ol, öz ýurdum diýýäniň? Hany aýdyp ber: şol
biziň bilýänimiz — Keýmirkörüňiziň ýurdumy? Eger-de ol boljak
bolsa, onda siziň bagşyly bolar ýaly, beýleki bolar ýaly ýurduňyz
ýokdur. Siziň iň zoruňyz Keýmirkör diýeniňiz bolupdyr ahyryn.
Dogry, ol Nedir şa bilen-de dalaşypdyr. Ýöne welin ol ýurtludyryn
30
enedilim.com
diýip, dilini ýaryp bilmän geçipdir ahyryn. Ol hemişe: «Meniň
ýurdum Hatap galasydyr» diýip, düýäniň üstünde ýaşar eken.
Siziň aňryňyzdan Hywa, bäriňizden bolsa... Sizde nä ýurt bolsun,
agyz dolduryp aýdar ýaly, hyh-hy-hy...
Hanyň keýpi köklügine, gamsyzlygyna geň galyp oturan ýerinde «Gep oýundan ýeter» diýen atalar sözi bagşynyň ýadyna
düşdi. «Gülkiniň aşagynda näme-de bolsa bir zat ýatandyr. Ýönekeý ýere bu beýle azar edinip gülmez, ýanynda oturanlara hem
gülüň diýen garaýyş bilen seretmez». Bagşy han gülüp bolýança
şeýle pikir etdi. Haçan hanyň gülküsi galandan soň bolsa, ol
ýene-de:
— Meniň ýurdum bardyr, ýurdumyň bagşysy hem bardyr —
diýip, bagşy aýdanyny berkleşdirdi.
— Biz asyl-ha myhmanyň habaryny bir günden soň alýandyrys. Siziň habaryňyzy welin, häzirden alsak-da boljak ýaly.
Hany, onda aýdyp oturyň, siz näme iş bilen geldiňiz? — diýip,
han ondan sorady.
— Bir kiçijik iş bilen, han aga. Ony häzirden aýtsagam bolar,
aýtmasagam bolar. Ýöne şunsuny aýdaýyn: şu dutar bilen size iki
sany heň edip beräýmäge geldim. Hawwa, siziň eliňizde meniň
doganym bar, şony hem beriň diýip, sizden soramaga geldim.
Artyk habarym hem ýok meniň.
— Nä dogan ol?
— Mundan on bir gün ozal size bendi düşüpdir.
— Onda Gurbowyň galasyna çozanlardan tutulandyr — diýip,
hanyň ýanynda oturanlar hanlaryna aýdyp berdiler.
— Heňi şonuň üçin çalyp berjekmi? Hä, ol diýseňiz-le, «Şol
diýip geldim» diýsene. — Han bagşynyň ýüzüne gaýtadan seredip, ýene-de gülmäge durdy. — Saz çalyp bermäge, hah-hah.
«Ol meniň doganymdyr» diýsene. Ýagşy doganyň bar eken...
— Han aga, siz kän güldüňiz.
— Myhman gaty görme, siziň gep urşuňyz gülmez ýaly däl.
Bolşuňyz gaty geň. Emma sen munda göwnüňe hiç bir zat getirme. Bu biziň degişmämizdir. Bagşy halky bolsa degişmegi
göterýän bolmalydyr. Onsoň hem biz ýagşy gören myhmanymyz
bilen ýalaň şeýlediris... Sen habaryňy aýdyber. Hy-h-h...
31
enedilim.com
— Men göwnüme hiç bir zat getirmeýärin. Hawwa, birazajyk
getirmänem durmaýaryn. Han aga, meniň şu gelşim gülkümi?
Onuň ýaly bolsa bilmedim... Şu iň gowy bolup gelşim: dogry,
başga hili hem gelişlerim bardy, eger geleýin diýsem. Ýok, men
başga hili gelmegi islemedim. Ony obam hem maslahat bilmedi.
Şonuň üçin-de, ine, şeýle geldim. Emma bu gelşim gülki bolup
çykýan ýaly boldy, gaty bilýärin welin...
— Myhman, bu gelşiň-ä, ine, görýäris. Hany aýt, başga nähili
gelşiň bardy?
Bu soragy hanyň gülküsine goşulýan, belki, ondan hem içýakgyjrak gülýän gyrçak gara sakgally, bili gök guşakly, orta boýly
adam berdi. Ol özüniň soragyndan göwni hoş bolup, sakgalyny
sypap, hanyň ýüzüne garady.
Sazanda biraz arkaýynlaşypdy. Indi gelendäkisi ýaly ýüregi tarsyldap uranokdy. Gepleşip oturanlary özünden artyk däl,
bolaýsa özi ýaly. «Urşuň daşyndan içi aman» diýip, bagşy hanyň salgyny ilki eşidendäki özüniň gaýgysyny ýadyna saldy. Ol
häzir hanyň ýakyn ýanynda otyr. Onuň bilen sözleşýär. Göni
hem däl, gyşaryp hem gördi. Näme üçindir, han özüni asmandan
asyp oturmady. Bagşydan gözleri dokunmanlygyndanmyka? Ýok,
ondanam-a däl ýaly. Dogry, ol bagşynyň gepine-sözüne gülýär.
Onuň bilen bälçireşýän ýaly gürleşýär. Emma onuň gülküsi bir
hili, äsgermeziň gülküsi däl ýaly, ondan bir hili ýürek awamasy
duýulýar. Ol sazandanyň ýüzüne seredende, nämedir bir zatlary pikir edýän ýaly bolýar. Şonda ýüzüniň reňki hem solýar,
gülküsiniň hem soňuny «hyrk-hyrka» berýär. Çal murty küsserýär. Kim bilýär, belki, hanyň ýadyna başga bir zatlar düşse-de
düşýändir.
«Başga nähili gelşiň bardy?» diýende, sazanda bir-az pikirlenip oturanyndan soň jogap berdi.
— Men han agadan doganymy dilemäge ilimiň iň saýlama
ýigitleri bilen hem, iň saýlama at-ýaraglary bilen hem gelip bilýärdim, eger geleýin diýsem! Bu biri, gardaş! — Onsoň bagşy
ýüzüni ýokary tutdy.
Onuň bu jogaby baryp hana şarpyldap degdi. Ol myhmanyň
sözde «sazandadyryn» diýip başlap, indiki aýdyp oturanlaryna
32
enedilim.com
indi düşünen bolsa gerek, ynjalyksyzlandy. Myhmanyň ýüzüne
seredip, agramyny beýleki uýlugynyň üstüne ýeňillik bilen atdy.
Ýüzi, erni gyşardy, ömründe bir gezek-de gülmedik ýaly, asyl
gülmäge ukypsyz ýaly boldy. Sakgaly has agardy, näme üçindir,
häzir onuň düýbünden hyna-da gyzaryp göründi. Gözleri mölerdi-de, belli bir zada nazar salman, giňden açylyp durdy. Indi
gülküsi tutanok. Onuň ýap-ýaňy bagşyny masgaralap gülýän
gülküsi hany?! Ol nirä gitdikä? Näme üçin gitdikä? Ol gülküler
sazanda gaty görýär diýlip we myhman sylanyp goýulaýan-a bolmasyn? Onuň üçin däl bolsa gerek. Myhman özüne gülünmegini
gaty görýänligini ilkibaşda hem bildiripdi. Eger han myhmanyň
gaty görýänine keýp edip gülen bolsa, onda henizem gülübermeli
ahyryn. Myhman onuň gülküsini gaty görýär. Ýöne welin han
beýle ýagdaýa düşer ýaly myhman näme diýdi? Ol ýöne «mesaýy
bir zat» diýdi ahyryn. Şunda näme gorkunç we gaharlanar ýaly
zat bar? Belki, han onuň beýle diýmeginden bir zatlar aňlandyr. Ýogsam, ol ýene-de gülerdi. Nöker gelip: «Türkmen geldi»
diýip aýdanyn-da, hanyň gözleriniň öňüne daýanykly, syrdym
ýigitler we olaryň gulan atlary gelipdi. Nöker: «Täk bir özi» diýip
aýdanda bolsa, han geleni görmäge howlugypdy. Soň bolsa bili
gylyçsyz, aýagy bökejem hywa ädiksiz, egin-eşigi ýönekeý ýigit
onuň keýpine gelipdi.
Myhmanyň şol bolşuna: «Men öz ýurdumyň sazandasydyryn»
diýmegi bolsa, hanyň gülküsini tutdurmady, gaýtam, gaharyny
getirdi. Ol myhmanyna nähili «sylag» etjegini şu ýerde pikir
etdi: «Munuň garşyma geçip aýdyp oturanlaryny görle. Meni
gorkuzmagy hyýal edýärmikä? Elini-aýagyny daňdyryp, zyndana atdyraýjagymdan habary ýokmuka? «Saýlama ýigitler bilen
hem, saýlama at-ýaraglar bilen hem gelip bilýärdim» diýdi. Näme üçin onda şeýle, boýun synyp geldikä? Näme üçin bu şony
maňa aýdýarka? Düşünmeýärin. Hiç bir bolşuna düşünmeýärin...
Bu bir samsyk bolaýmasyn? Sen bu haýbatyň bilen meni gorkuzyp, doganyňy alyp gidip bilmersiň! Muny näme etsem, hanlary
dagysy bilen hemmesine ýagşy göz görkezip bilerin? Yzyna it
salyp kowmalymy, ýa zyndana taşlamaly ýa-da näme etmeli?
«Sazandadyryn, saz çalyp berjek» hem diýdi. Onda men muny
33
enedilim.com
Gulam bagşynyň eline bereýin. Şony ýeňip bilseň, doganyňy
alyp git diýeýin. Gulam muny güjük dalan ýaly edip dalar. Onsoň
muny nätmelidigini özüm bilerin. Eşege ters mündürip, yzyna it
salagada ýurduna kowup goýbererin. Şeýle ederin. Ýöne welin
munuň özý bagşy bolaýbilse ýagşydyr. Näme bolsa şol bolsun.
Şeýle ederin...»
Han şu pikirini tizden ýerine ýetirmäge howlugan ýaly, bagşa
şeýle sorag berdi:
— Myhman ýigit, hany, dogryňdan gel, sen bagşy däl, seniň aýdyp oturan zatlaryň asla bagşyň aýtjak zatlary däl. Sen
bagşymy? Ýa?.. Gel, dogry geple...
— Dogrymdan gelsem, han aga, men sazandalygyma sazanda.
Ýöne welin öz doganymy diläp, siziň ýanyňyza horjuny gyzyldan
dolduryp hem, bir-iki sany düýäni halydan ýükläp hem gelip bilýärdim, eger geleýin diýsem. Siziň ýanyňyza beýle gelmegi hem
maslahat bilmedik. Şunuň üçin bolsa, ine, şeýle geldim. Biziň
dünýäde iň eziz görýän zadymyz sazdyr, han aga, muny, belki,
sizem bilýänsiňiz, türkmenleriň bir heňe bir düýe tutýanyny we
başga zatlar tutýanyny bilýänsiňiz. Biz şeýlediris. Siziň hem
sazy söýýänligiňizi, özüňizem bagşy saklaýanyňyzy eşidýäris.
«Mämmetýar han — saz gadyryny bilýän han» diýip. Şu söz biziň
obamyzda eşidilip durýardy. Şunuň üçin biz oturdyk-da, hanyň ýanyna adamyny diläp, nähili barmaly diýip maslahat etdik,
onsoň şu karara geldik: «Hana dilege gahar bilen, pul bilen barmaly däl, diňe bir saz bilen barmaly. Şonda ol möhümiňi bitirer»
diýildi. Ine, şoňa görä-de, özüm sazanda bolanym üçin, men
siziň huzyryňyza saz bilen geldim. Eger doganymy azat ederin
diýseňiz, onda size şu «warak» dutar bilen bir-iki heň edip berjek,
han aga.
Han ulumsyrap, arkan gaýşyp pallady.
— Meniň saz söýýänligim şol ýerlere hem düşýärmi? — diýip
sorady.
— Hawa, han aga, dünýede eşidilmez-bilinmez zat bolmaz,
eşidýäris. Onda-da her günde.
Han has gyzyklandy.
— Meniň hakymda başga nähili zatlar eşidýärdiňiz?
34
enedilim.com
— Başga-da gowulygyňyz hakynda köp zatlar eşidýäris, han
aga.
— Meselem, nämeler?
Bagşy biraz ýaýdanjyrap durdy-da: — Onsoň hem... — diýdi.
— Meselem, nämeler? — diýip, han ýene-de çintgäp sorady.
Onuň eşidesi gelýär.
Bagşy indi näme jogap berjegini bilmän, mähetdel galdy. Ýokarsyny garap pikirlendi. «Näme diýsemkäm» diýip, gözlerini
gyrpyldadyp pikirlendi. Ol hanyň nähili jogap alasy gelýänligini
bildi. Oňa: «Siziň adalatlydygyňyz, batyrlygyňyz hakynda eşidýäris» diýmeli. Ol hanyň gyzyl ýüzüne seredip oturan ýerin-de
beýle diýmäge, ýöne hany oýnap goýbermäge-de dili barmady.
Onsoň ýöne oturmanyň ýagdaýyny tapman we özüniň toslap
tapýanyny hana aňlatmajak bolup:
— Aý, han aga, sanap oturmagyň hajaty ýok, ýöne köp zatlar
eşidýäris — diýdi.
Han onuň bu soraga jogap bermäge kynlyk çekenini bildi-de,
başga soraga geçdi.
— A, sazandalygym hakynda? — diýdi.
— Ony hem eşidýäris. Ýöne «han çepbekeý» diýip eşidýäris.
Dogry, han saza ökde bolmasa hem dutar çalyp bilýär eken.
Onuň çepbekeýligi hem dogry. Bu hakda sazanda ozalam bir ýerde eşidipdir, bagşynyň şuny aýtmagy örän ýerlikli boldy. Şunuň
bilen birlikde hem han bagşynyň toslap aýdanlarynyň baryna
ynandy. Onsoň ol ýene-de ulumsylanyp:
— Aýdanlaryň dogry, belki, maňa saz çalyp bermäge geleniň
hem dogrudyr — diýdi.
— Dogry, han aga! Näme bolupdyr dogrym bolman?..
— Hm — edip, han biraz böwrüni diňläp durdy-da:
— Emma diläp gelen adamyň etmişlidir — diýdi.
— Bilýärin, han aga.
— Bilýän bolsaň, onuň bahasy gymmatdyr.
— Ony hem ýagşy bilýärin. Ýöne han ýanynda onuň näme
gymmaty bolsun, han aga. Ol bir adam ahyry!
— Doganyňy şu dutaryň bilen almakçymy?
— Şeýle niýet bilen geldim, han aga.
35
enedilim.com
— Sazyň bilen alyp bilmersiň!
— Onda... — diýip, sazanda dymdy we ýaňy hanyň ugruny
tapandyryn diýip süýjän agzyna öt çaýylan ýaly boldy.
— «Ondaň» näme? — diýip, han sazandanyň ýüzüne seretdi
we özüniň hälki eden pikirine ýene-de gaýdyp geldi. «Onda sen
atly-ýaragly gelersiň, hany şeýle gelibem bir gör!» diýip, içini
gepletdi-de, bagşynyň öňünde şeýle şert goýdy.
— Meniň bir bagşym bar. Eger sazanda bolsaň, şony ýeň-de,
doganyňy alyp gidiber! Eger ýeňilseň, onda meniňkem seniň
«ondaň»... bolar!
Han şeýle diýip, ýüzüni aşak saldy. Onuň ýanynda oturanlar
hem hanyň şeýle diýmegini makullap, gozganyşyp oturdylar.
Bagşy ýeňilse, han näme etjegini aýtmady. Goý, aýtmasyn.
Bagşy indi ondan ýagşylyga garaşýan däldir.
Onsoň Şükür: «Hanyň bagşysy kim? Ony ýeňip bolarmy-bolmazmy?» diýen ýaly pikir etmän:
— Bolýa, synanaryn. Eger basylsam, onda näme etseň şony
et — diýdi.
Onuň tüýi emgenmän, mertlik bilen beren jogabyna han geň
galyp tisgindi we:
— Sen kim bilen saz çalyşmalydygyňy — Gulam bagşyny tanaýarmyň? — diýip sorady.
— Eşidýärin — diýdi-de, bagşy bir iňkise gitdi.
— Onda bol. Ertirden başlarys! — Han şeýle diýip, ýerinden
turdy. — Biz myhman söýýändiris. Bu gün agşamy bilen dynjyňy
al, iý-iç — diýdi.
Onsoň ol ýanynda oturanlardan birine sazandany myhmanhana alyp barmagy we iýmek-içmekden kem zadyny goýmazlygy
buýurdy.
Sazanda hanyň ýüzünden erbet niýetlerini okap, gaýgyly turdy.
36
enedilim.com
V
«Han halys bolmazyna tutan bolsa gerek. Gulam bagşy! Men
ony eşidýärdim. Onuň dabarasy dag aşyp, biziň obalarymyza
çenli baryp ýetendir. Ba-a, ony ýeňip dogany alyp ötägitmek —
eşekden palan alaýmag-a däldir. Hanyň hem bagşysyna göwni
ýetýär. Ol diňe bir şoňa daýanyp uly gepländir, hondan bärsi
bolup joşandyr: «Meň bagşymy ýeň-de, doganyňy alyp gidiber...»
Sazanda hanyň ýanyndan turup, myhmanhana barýança şeýle pikir etdi.
Ony bir kiçijik tama alyp bardylar. Tamyň için-de bir adam
oturybermeli düşek bar. Ýekeje äpişgesi bolup, ol hem ýumruk
sokaýmaly, darajyk. Onda bu golaý-goltumda adam hem ýaşamadyk bolara çemeli. Diwaryň ýüzüne ýelmeşen kerepleri bagşy
gördi. Ol her halda munuň içine özüniň pikiri we dutary bilen
ýerleşip bildi.
Ýanynyň bir çäýnek gök çaýy bilen bir tabak piti getirip, oňa
berdiler. Ol nahardan-çaýdan iýip-içip egismedi.
Işdäsi ýanypdyr. Goýberiljek at ýaly, galpyldap pikir edýär.
«Men nämeden beýle darygýaryn? Gulam bagşy ýaly bagşylary görmerin diýip, bu ýere gaýdypmydym? Ýok, han kimi bolsa
öňüme çykarybersin. Saz çalşyp almaly bolsam bolýar. Maňa
asyl geregi şol ahyryn! Gulam bagşy ýaly bagşy bilen saz çalşyp
bilmäge gorkjak bolsam, onda seniň üstüňe başga hili bolup gelerdim. Onda gezegi çolak Batyra, obamyň ýigitlerine bererdim
ahyryn. Men ony etmedim. Saz çalyşmaga meýil edip geldim.
Şu dutarym bilen agamy azat edip bilmesem, onda onuň inisi
bolup bilmedigim diýip, kasam edip geldim. Şu kasamy seniň
Gulam bagşy ýaly bagşylaryň känligini bilip durup etdim ahyryn.
Ýöne welin han sözüniň üstünde tapylaýbilse ýagşydyr. Nähili
ýol bilen bolsa-da iň ilki bilen onuň şu tarapyny pugtalamaly.
37
enedilim.com
Eger ol sözüniň üstünde dursa, onda tüýs meniň diýenim gelýär...
Armanym galmaýar. Getir Gulamyňy!.. Gelsin şol Gulam!..»
Bagşyň ýüregine howul düşüp, ýerinden zöwwe turdy. Daşary tüm-garaňky bolup, darajyk äpişgeden görünýärdi. Sazanda
özüniň bu tama gün ýaşmanka gelip girenini ýadyna düşürdi. Indi bolsa gijäniň bir wagtlary bolup gidenini aňlady. Onuň ýanyna
gelip-gidýän ýok. Bir adamyň mazut ýagly çyrany ýakyp, şol gidişi. Daşardan adam sesi, aýak sesi hem eşidilmeýärdi. Içerde
gezmeleýär, ölügsi çyra seredip durýar. Beýle ýekelik, munça
wagty bir öýde bir özi oturyp geçirmek onuň haýsy bir ýerde,
haçan gören zady? Darajyk tam onuň içini ýyrtyp barýardy. Onsoň ol dagy näme ederini bilmän, ýazylgy duran düşegiň üstüne
özüniň ýadaw göwresini goýberdi.
Ol hanyň ýumşak düşeginiň üstünde ýatjakmydy? Onuň hözirini görmek isleýärdimi? Ýok! Asyl ýok. Ol entek pikir etjekdi,
eline dutaryny alyp, birnäçe heňleri gaýta-gaýtadan çalyp çykjakdy.
Bularyň hiç haýsy bolmady. Başyny ýassyga goýan dessine
uklady.
Häzir oňa hemme zatdan beter uky gerekdi ahyryn.
Bagşy daň bilen oýandy, ýöne welin turmady. Ol oýa ýatdy,
uzak ýatdy. Öten agşamky pikirleri, öz-özünden geplemekleri
ýene-de onuň başynda häzir boldy. Süňňüne ýene-de galpyldy
düşdi.
«...Gulam bagşy... Han bagşysy... Onuň özüne göwni ýetýändir. Arkaly köpek gurt alar!.. Goý, ol han bagşysy bolsun!.. Ol
tarapy meniň üçin hiç. Ol han bagşysy bolsa, men-de bu handan
azajyk-da çekinmeýän batyr ýigitleriň sazandasydyryn. Ýöne
welin elde barymy etmelidirin. Gulam bagşy äsgermezlik eder
ýaly bagşy däldir. Onuň dabarasy biderek ýere dag aşyp, alys
ýurtlara ýeten däldir. Onuň bilen ýene-de biraz wagtdan soň saz
çalyşmaga oturmaly bolarys...»
Sazandanyň ýüregine howul düşen ýaly, turmaga hyýallandy.
Ýassykdan başyny galdyryp, äpişgä seretdi. Entek irdi. Ýumruk
sokaýmaly darajyk äpişgeden daňyň ala garaňkysy çalaryp göründi. Diňşirgendi: ses-üýn eşidilmeýär. «Meniň ýatan ýerim
38
enedilim.com
han galasy ahyryn. Belki, bu ýerde giç turulsa-da turulýandyr»
diýip, ol ýene-de başyny ýassyga goýberip, şol öz-özi bilen gepleşmegini dowam etdi:
«...Eger Gulam bagşy ýeňip çykaýsa, onda näme bolar? Bo-o-ow, ondakyny ýada düşürer dagy eder ýaly hem däl. Onda men
ilimiň eline dutar alanynyň hemmesiniň ýüzüni ýere salaryn. Öz
halypam, maňa sazandalyk patasyny beren Garadäli näder? Şeýle bir masgaraçylyk bolsa, ol muňa döz getirip bilmez... Näder?
Iň ilki bilen dutaryny owram-owram eder-de oda salar. Onsoň...
Döwletdurdy bagşy hem gabrynda rahat ýatyp bilmez. Şeýle bir
masgaraçylyk bolsa, oňa hem ýeter, onuň ruhy duýar.
Olar sazlaryny nähili söýdüler hem onuň ösmegi ugrunda
nähili jan çekdiler?.. Olar sazlarynyň masgaralanmagyna hiç bir
çydap bilmezler ahyryn.»
Pikir edip şu ýere ýetende, ol edil el bilen göterilen ýaly,
zöwwe ýerinden galdy. Onsoň başyna gelip-geçýän pikirlere geň
galyp durdy. «Näme üçin başyma şeýle pikirler, şeýle ýatlamalar
gelýär? Bu nämedenkä ýa meniň şu Gulam bagşydan sussumyň
basylyp ýördügimikä? Onda näme üçin özüm duýamok? Menmi
sazymyza masgaraçylyk getirjek? Men şuňa degişlimikäm? Ýok,
bu bolup bilmez... Men Garadäli gökleňden pata alandyryn. «Sen
sazanda bolduň» diýip, ol öz dili bilen maňa aýdypdy ahyryn.
Mundan soň saz çalyşmakdan gaýdarynmy?.. Eger doganymy saz
çalşyp almaly bolsam, maňa dagy näme gerek? Meniň diýenim
gelýär ahyryn. Hut şunuň üçin hem men şu ýere geldim ahyryn.
Men sazymyza ysnat getirmerin! Öz halypalarymyň ýüzüne çirk
ýalyjak-da garalyk getirmerin!»
Sazanda soňky sözüni örän kesgitlilik bilen aýtdy-da, geýinmäge durdy we nirä ýör diýilse gidibermäge taýýar boldy-da,
dutaryny ýeňillik bilen çalmaga oturdy.
Han galasy turupdy.
Bagşy indi özüniň nirädir çagyrylmagyna sabyrsyzlyk bilen
garaşýardy. «Han bagşysy getirilendir. Häzir meni hem onuň
ýanyna alyp bararlar. Han bagşysy. Ol gabarylýandyr... Han hem
oňa öz tabşyryklaryny berendir...»
Ol pikir edýärdi. Häzir bu kiçijik tam onuň gözüne öten ag39
enedilim.com
şamkysyndan has dar we ýürek gysdyryjy bolup görünýärdi. Näme etsin? Çagyrylýança onuň içinde içini gysdyryp oturmaly.
Ol äpişgä tarap bakyp, ondan köp zatlary görýärdi. Uzakdan
bagşynyň düýnki üstüne çykyp oturan uly dagynyň başy görünýär.
Ol dagyň öňüni kesip, gara gözelek gelin-gyzlar hem ýigitler
geçýärler. Bagşy seredip otyr. Henizem onuň ýanyna gelýän,
halyndan habar alýan ýok...
«Bu hanyň zyndany bolaýmasyn?» Uzak garaşyp oturandan
soň, bagşy öz oturan otagyndan şeýle netijä geldi-de, tamyň içine: äpişgä, gapa gaýtadan garap çykdy we turup, onuň içinde iki
tarapa gezmelemäge durdy. «Belki şeýledir, ýogsam han agşam
meni özüniň ýanyna çagyryp, saz çaldyrmazmydy, gürrüň eşidip
oturmazmydy? Ýa ol öz bagşysy bilen gidişýärmikä? Ony meň
garşyma çykarjak bolup taýýarlaýarmyka? Nämäni çen etseň
edip oturmaly, oňaýsyz ýagdaýa bir-kemsiz düşüpdirin. Meniň
ne gözel ýigitleriň içinden çykyp, gelip oturan ýerimi! Onda-da öz aýagym bilen gelib-ä... Dogry, bu hanyň myhmanhanasy
bolman, zyndany bolsa-da bolup biler. Han meni şunuň için-de oturdaýyn diýse-de oturdyp biler. Men näme edip bilerin?
Ynha otyryn-da, näme edip bilýärin? Obamyň adamlarynyň handan tamasy şudy ahyryn. Şeýle bolup hem çykaýan bolmasyn...
Goý, şeýle bolsun!.. Mundan hana näme peýda çykjak? Akmak
han, bir «Ýandym, Leýlini» eşideniň degmeýärmi dünýä malyna?
Onsoňam oturjagyň şunuň içi bolsa bolýar. Haýsy gije diýsem,
munuň içini boşadyp çykyp gidip bilerin. Ýok, sen meni zyndanda oturdýan dälsiň! Seniň niýetiň başgadyr. Meni Gulam
bagşa daladyp, masgaralamak isleýänsiň, sen meniň üstümden
güljeksiň. Hany göreli, kim-kimiň üstünden gülmeli bolarka?»
Sazanda ýene-de saz çalmaga oturdy. Onuň joşgunly ýüregini, edýän pikirini saz biraz köşeşdirip bilýärdi.
Ol şu ýerde oturyp «Sazandanyň ölümi» diýen bir heň düzmegi hyýal etdi. Edil ýeri. Bu ölmez-ýitmez bir heň bolar. Dutarlarda köp-köp çalnar. Eşidip oturanlar bolsa hany ýigrenerler
hem oňa nälet okarlar.
Şu halatda aňyrdan biriniň gyssanmaç gelip gapyny açmagy
sazandanyň pikirini bozdy.
40
enedilim.com
— Myhman, turduňyzmy? — diýip, ol gelen ýigit sorady. Bu
bagşyny düýnki garşylanlardan däldi. Mylaýym ýigit. Nebsi
agyrýan şekilde sazandanyň ýüzüne garap durdy. Bagşy hem
onuň ýüzünden nämedir bir zady aňlajak bolan ýaly seretdi-de:
— Garaşyp hem kän oturdym — diýip ýylgyrdy.
— Özüňe göwnüň ýetýän bodaýbilse ýagşydyr, myhman, hanyň tutan desgasy gaty uludyr. «Şu gün Gulam bagşy bilen türkmenden gelen bagşy saz çalyşjak» diýip, ol uly ile habar ýaýratdy.
Öten agşam bolsa han özüniň iýip bilmeýän zatlaryny Gulam
bagşa iýdirip, ony bakdy.
— Gulam bagşy geldimi? — diýip, sazanda sorady.
— Entek ol gelenok, ynha geler. Arkaýyn bol, ol geler, onda-da kükräp... geler!
— Ol neneň sazandadyr?
— Zordur, gaty zordur. Özüne gaty göwni ýetýän bolaýmasa,
ýanaşar ýaly bagşy däldir. Ondan gorkusyna biziň bu töwereklerimize bagşyň, sazandanyň aýagy sekip bilýän däldir. Siz gelipsiňiz. Belki, siz hem şonça bar bagşysyňyz. Şeýlemi? Çolaja
ýerde maňa aýdaý.
— Ýog-a. Men han bagşysy däldirin — diýip, Şükür güldi.
Ol ýigit bagşa ýene-de nebsi agyrmaklyk bilen seredip, sözüni
dowam etdi:
— Özüň gör-dä, bagşy... Ýagyň meňki bolsun diýer ýal-a
däldir. Gulam deňi-taýy ýok diýilýän bagşydyr...
— Nähili bolsa-da onuň bilen görmeli bolduk.
— Onda gideli, meni: «Tiz alyp gel» diýip iberipdiler.
— Görmeli bolsa hanyň Gulam bagşysynam göreli — diýip,
sazanda eline dutaryny alyp, süňňi ýeňillik bilen turdy.
41
enedilim.com
VI
Güýzüň ortaky aýynyň bu günki güni baýakylaryndan yssy boldy,
edil tomsuň bir güni ýalňyşyp gelen ýaly. Bu hana kem ýakmady.
Ol desgany howlynyň ortasyndaky howzuň başynda, belent sekiniň üstünde, gollaryny çar töweregine ýaýradyp duran ullakan
güjüm agajynyň kölegesinde gurady. Sekiniň üstüne haly düşekler gat-gat edilip düşeldi. Olaryň içinde türkmen halylary hem
bardy.
Bagşy gözüne görünýän zatlaryň hemmesine aşaklyk bilen
seredip geldi. Ana, onuň gözleri öz halylaryna hem düşdi. Olara yssylyk bilen seretdi we üstlerinden aňsatlar gözlerini aýryp
bilmän, ep-esli salym durdy. Näme üçin? Olary şu gün görmelimi näme ýa olaryň gölleri, nagyşlary üýtgäpmi? Ýok. Öz
gelin-gyzlarynyň gara öýde, aýak üste oturyp dokaşlary.
Ýöne welin öz halylarynyň üstünde oturmaga başga bir ýer
bolmady. Olaryň üstünde hanyň arzylap çagyran iň ýakyn adamlary küti dodaklaryndan uzyn şybyklaryny aýyrman, ýüpek ýaly
tütüniň ýag ýaly tüssesini asmana burugsadyp, gamsyz-gussasyz
gürleşip we gülşüp otyrlar.
Sazandany başga bir halynyň üstünde oturtdylar. Onuň gözleri öz halylarynda, olara oturan ýerinden göz gytagy bilen seredýär. Öz halylary beýleki halylara goşulman, olaryň içinden
saýlanyp çykyp durlar. Sazanda olaryň gowudygyna, öz aýallarynyň hünärlidigine şu ýerde ýene-de bir gezek düşündi. «Biziň
aýallarymyzyň öwünmäge haklary bar. Olaryň gara öýde oturyp
dokan halylary, gör, nirelere düşüpdir. Hanyň arzyly adamlary olaryň üstünde oturyp bilseler armanlary ýok. Ýöne olar bu
ýerlere nähili düşdükä? Belki, biziň halylarymyz Pereňistana
daga-da düşüp, ol ýerlerde hem hemmelerden saýlanyp, halkyň
gözüni özüne çekip bilýändir». Ol şeýle pikir edip, özüniň şu
42
enedilim.com
pikirinden köp zatlary ýadyna düşürdi.
Sekiniň üstünde oturanlar başdan-aýak seredip, sazandany
gözden geçirdiler. «Gulam bagşy bilen saz çalyşjak şümükä?
Näderkä? Oturyşy-ha örän ynjalykly. Özüne göwni ýetýän bolara
çemeli...» diýip özara pyşyrdaşýarlar.
Han bagşysy heniz gelmändi. Emma hanyň habar beren ýerlerinden tomaşaçylar welin yzy üzülmän, topar-topar bolup gelýärler. Gelenleriň gözleri ilki bilen märekäniň içinde oturan
sazanda düşýärdi we olar ony öz ýanlaryndan Gulam bagşy bilen
deňeşdirip görýärdiler.
Birdenkä:
— Bagşy gelýär!..
— Gulam bagşy gelýär! — diýen ses agyzdan-agza geçip ýaňlandy.
Gulam bagşy gelýär: bezelen gatyryň halydan edilen palanynyň üstünde iki aýagyny bir ýanlygyna atyp, sapynyň ujuna
kümüş geýdirilen, ýüpek gotazly dutary bilen «Ýelpezelendi»
diýen heňi çalyp gelýär.
Onuň göterigi zor. Biri gatyryň başyny iýdip gelýär, iki sanysy bolsa ony düşürmäge taýýar bolup gelýär. Hormat üstüne
hormat.
Şükür gelende biri hem gozganmady, ýöne welin oňa örän
içgin we pikirli seredişdiler, indi ýerlerinden zöwwe turdular.
Olar öz bagşylarynyň öňünden çykyp, oňa hormat goýjaklar...
Han bagşysynyň bolup gelşini göreninden Şüküriň endamy
dyglady. Arzysyz, öz aýagy bilen süýrenip gelen, ýöne welin öz
ilinde arzyly bolan sazanda sesini çykarman otyr, elindäki çaýly
käsäni agzynyň ýanynda tutup durup sowatdy. Ol näme pikir
edýärkä? Kemsinmeýärmikä? Han bagşysynyň haýbaty onuň
ruhuny eýýäm syndyrmadymyka? Çolak Batyr şol maslahatyny
şu wagt salaýsa, oňa indi näme jogap bererdikä? Ol ýönekeý eşik
içinde, gapdalynda dutaryny goýup, Gulam bagşynyň gelşine
syn edýärdi we şu oturyşynda özünden hiç bir zat aňlatmaýardy.
Ýöne welin egni gysylmaýar, ýüzi bozulmaýar. Gözleri bolsa
gülesi gelýäniňki ýaly biraz sykylypdy.
43
enedilim.com
Gulam bagşynyň gözleri özüniň bäsleşip saz çalyşjak sazandasyna düşdi. Şonda onuň ruhy öňküden-de beter göge göterildi,
sazyny hem gaty batly çalyp başlady. Özüniň şu ýasama boluşlaryna saz çalyşjagynyň gülesi gelip oturanlygyndan onuň
birjik-de habary ýokdy.
Ony gatyryň üstünden götergiläp düşürdiler. Elli-elli bäş töwereginde, gözüni göge dikip duran bagşy. Semiz. Alkymy piliň
holtumy ýaly aşak sallanyp gidipdir. Ýeňsesine päki çalybermeli.
Gök mawut çäkmekiniň içine zordan sygýar. Çyrpuw sakgalyny
hynalapdyr we barmagynyň birine gyzyldan ýuzük dakynypdyr.
Saz çalmakda bu töwerekde oňa taý ýokdy, ol ýene-de özüne
taý bolar öýtmeýärdi. Muňa bu ýere gelenler-de ynýarlar. Hasam
beter han ynanýar. Ýogsam, ol beýle «uly» baýragy çagyrarmydy
ahyry!..
— Salawmaleýkum, myhman bagşy — diýip, ol ellerini ulumsylyk bilen sazanda uzatdy.
Şükür hem turup:
— Salawmaleýkum, Gulam bagşy — diýdi-de, onuň mylkyldap
duran ýagly barmaklaryny gysdy.
— Kim bolarsyňyz? — diýip, Gulam sorady.
— Bize Şükür diýerler.
— Şükür, Şükür diýdiňizmi? — diýip, ol maňlaýyny tutdy.
— Bir eşiden adym, emma ýadyma düşmedi. Arkaçdanmy? Hä,
boldy. Gelipsiň, ýagşy ädipsiň. Biziň hanymyz saz gadyryny
bilýän handyr...
— Şony eşidip gelşimiz, bagşy aga. Hawa, «Bagtly ile bagşy
geler» diýipdirler — diýip, Şükür muny han mazaly eşider ýaly
edip aýtdy.
Han bagşysy bir diňşirgendi we içinden: «Aňyrdan oýlanylyp
gelnen söz, ýerine salyp aýtdy» diýdi-de:
— Meniň hem bir türkmenlere gitmek hyýalym bar — diýip,
agzyna inip duran çal murtuny galdyryşdyrdy.
— Baryň! Örän gowy edýärsiňiz, baryň! Sazyň, sazandanyň
gadyryny bizem gaty ýagşy bilýändiris.
— Ýok, gitsem Mary, Tagtabazar taraplaryna bararyn. Bärki
sazandalaryňyzyň ugry ýok!..
44
enedilim.com
— Hawa, ol ýerlerimizden hem sazanda çykýandyr. Olar gepleşip durkalar, edil Şükür bagşa göz edilip diýen ýaly, onuň garşysynda han bagşysy üçin halyň üstünde ýüpek düşekçe güpberilip
ýazyldy.
— Otur, bagşy aga, otur! Ine, bu siziň oturjak ýeriňiz taýýar!
Gulam bagşy içi ýelek, daşy ýüpek, gabarylyp duran düşekçäniň
içine çümüp oturdy-da, sözüni dowam etdi.
— Men türkmenleriň arasyndan, ine, şu sazanda zor diýip
haýsy birini tutjagymy bilemok. Myhman, Şükür bagşy, sen aýt,
siziň özüňiziň şu zor diýip tutýanyňyz kim? Maňa şony aýdyp
ber.
— Biziň saýlap durmagymyz bolmaz, bagşy aga. Kim eline
dutar alsa, şoňa zor bagşy diýýändiris!..
— Dogry, dogry, örän dogry — diýip, Gulam yzly-yzyndan
tassyklap güldi. Onsoň daşyny galdalap oturanlara ýüzlenip:
— Men gelenden-gidenden eşidip, olara gaty belet boldum.
Dogry, bular eline dutar alanyna sazanda diýýärler, güne ýatanlaryna han diýýärler, gorkaklaryna batyr diýýärler. Onsoň hem
dul gyzlaryny boý gyzdan ýagşy görýärler. — Gulam şeýle diýip,
oturanlaryň gülesi gelýänini ýagşyja güldürdi.
— Dogrudyr — diýip, Şükür hem ýylgyrdy-da şeýle diýdi. —
Şonuň üçin biziň saňa goşulmaýanymyz birjik-de ýokdur. Hemmämiz orta gürp bardyrys. Gorkagymyza hem «Ata mün-de aryňy
almaga ýa-da söweşe ýör» diýseň gider.
Gülki birden ýatdy. Bagşynyň sözüne düşünipmi ýa-da hanyň
gyşarylyp giden ýüzüne we uly burnuna seredipmi, garaz, näme
üçin bolsa-da, gülki üstüne suw sepilen ýaly bolup tapba galdy.
Dym-dyrslyk boldy.
Şüküriň geplän gepini han öz ýanyndan degşirip oturýardy.
Onuň her bir sözüniň aşagynda bir zat ýatandyr öýdýärdi. Şoňa
görä ol myhmanyny gepletmänini gowy görýärdi. «Men han
bagşysy däldirin, öz ýurdumyň sazandasydyryn. Doganymy diläp
saýlama ýigitler bilen hem, saýlama at-ýaraglar bilen hem gelip
bilýärdim, eger geleýin diýsem» diýip, onuň aýdan sözleri hanyň
ýadyndan asyl çykmaýardy. Ol ýene-de şunuň ýalysyny orta atar
diýip gabanjyrady.
45
enedilim.com
Hanyň bu bolşundan Gulam bagşynyň habary ýokdy. Şoňa
görä ol sazandanyň çetine kakýardy.
Han gabandy. Sazandanyň soňky beren jogabyna onuň içi
tütedi. Onsoň oturyp bilmän, bagşylarynyň arasyna düşdi we
özüniň şol ýapyk niýetini durmuşa aşyrmagyň ugruna çykdy.
Myhmanyny öz bagşysyna dalatmakçy, onda-da ile göz edip...
Şonuň üçin köp ýere habar beripdi. Gelenler hem gaty köpdi...
Han gep-gürrüňiň galmalydygyny aýdyp, şeýle diýdi:
— Sazandalar, halk size garaşýar. Hany, hezil berip başlaň.
Şertem bolsa şu — diýip, ol eline direnip, ýerinden galdy. — Ikiňiz
saz çalyşmaly. Biriňiz gaçyň, biriňizem kowuň. Şükür bagşy zor
çyksa, onuň baýragy: özüniň zyndanda eli-aýagy gandally oturan
etmişli doganyny özi bilen alyp gitmeli. Ol şunuň üçin hem eline
sazyny alyp, bu ýere gelipdir. Eger Gulam bagşy zor çyksa, onda
onuň baýragy belli: bir türkmen gyzyny alyp berjek. Onda-da
owadanyny saýlap. Men ony her ederin-hesip ederin taparyn!..
— Han aga, onda gyz tapyber — diýip, Gulam bagşynyň ýanynda oturan bir ýigit aýtdy. — Heý, biziň Gulam bagşymyzy saz
çalşyp ýeňen bolarmy?..
Saz eşitmäge gelenler gaty köpdi. Olaryň hemmesi tertip
bilen oturdylypdy. Märeke hanyň çagyran baýragyny eşidip, ilki
onuň ýüzüne, onsoň Şüküriň, onsoň hem Gulamyň ýüzüne seredişdiler we: «Bu nähili adyllyk? Doganyny berip goýberjek. Eger
ol basylsa, onda nätjekkä? Ony nähili ugratjakka? Ine şunsy...»
diýip, oturan ýerlerinde bir-biriniň gulagyna çawuş çakyşdylar.
Han oturanlara seredip, sözüni dowam etdi:
— «Biziň bagşymyz ýeňer» diýip, häzirden aýtmaly däl. Ýeňýän bolsa, onda goý, Gulam bagşy özüniň zoruny görkezip ýeňsin!
Onuň baýragyny bermäge men her haçan bar... Meniň sözüm
sözdür... Ýöne myhman bagşynyň göwnüne zat gelmez ýaly etmeli. Myhman bagşy, haýsyňyzyň zordugyňyzy aýdyp berer ýaly,
birnäçe adamdan ybarat wekil belläýinmi? — diýip, han Şüküre
geňeş saldy.
— Özüň bil, han aga — diýip, ol sag elini ýeňinden çykaryp,
ýaglygy bilen ýüzüniň derini syrdy-da. — Maňa bary bir, han aga
— diýdi.
46
enedilim.com
— Ýok, aýt, myhman bagşy. Soňy närazyçylyk bolmasyn.
Onsoň biziň adymyza-abraýymyza ýagşy bolmaz...
— Menden soraýan bolsaň, han aga, wekil belläp durmak
gerek däl. Arany, ine, şu halkyň özi açsyn, Şularyň aýdany maňa
bolýar...
Gulam bagşy hem gözlerini tegeläp, hanyň ýüzüne seretdi-de:
— Menem şony aýtjak bolup durdum — diýip, Şükür bagşynyň
diýenine goşuldy.
— Bolýar onda, başlaň! Gulam bagşy çalsyn, Şükür bagşy,
sen kow! — Onsoň hem oturanlara ýüzlenip: — Diňläň, haýsysynyň zor sazandalygyny özüňiz aýdyp beriň! Bagşylar sizi wekil
belleýär — diýdi.
Ýüpek düşekçäniň üstünde oturdylan bagşy özüniň iň söýgüli we türgenlän heňine «Nar agajyna», «Ýel-pezelendä» tutdy.
Öz garşysyndakydan birjik-de güýç emgenmän, dutaryň gapagyna örän eserdeň, bat bilen kakyp başlady. Onuň kakyşyna,
barmaklaryny basyşyna, inip-çykyşyna göz iler dagy eder ýaly
däldi. Döşüni gaýşardyp, başyny silkip çalýar. Garşysyn-da oturan ýigidiň üstüne şeýle edip, ok ýylan ýaly owsun atýar. Onuň
sazandalygy beýlede dursun, özüniň şu haýbaty bilen hem özi
ýaly bir bagşynyň el-aýagyny ýitirdip biljek!..
Şükür onuň haýbatyna üns bermän, dutary kakyşyna we barmaklaryny basyşyna seredýärdi. «Ak perdeden ýokarda gezýär»
diýip, şuny bek belledi-de, nämedir pikirlendi.
«Nar agajyny» Şükür-de bilýändirin öýdýärdi. Ýöne welin
onda garşysyndakyň üstüne gabarylmak ýokdy, ýogsam onuň-da
oýny bardyr. Belki, ýeri gelerine garaşýandyr? Edil doňdurylan
ýaly oturyp, ony kowýar.
Gulam bagşy ellerini onda-munda kän urdy, sazandany masgaralajak bolup, garaçyny bilen elinden gelenini etdi.
Şükür yzyna düşüp barýar.
Gulam bagşy-da birnäçe heňler çaldy.
Han bagşysynyň çalan heňleri aýgyt ediji netije bermedi.
Ýap-ýaňky içen çaýy, edil ereýän ýaly bolup, ýüzünden şabrap
47
enedilim.com
döküldi. Ol ýüpek ýaglygy bilen derini syryp, uludan demini
aldy-da oturdy.
«Sag bol, bagşy» diýip, oňa gygyrmaga özüni çemeläp oturanlar köpdi. Näme üçindir olaryň hiç birisinden ses-seza çykmady.
Märeke özara pyşyrdaşdylar. Şüküriň ýüzüne seredişdiler.
Bu boluş Gulama ýakmady. Ol şeýle bolar diýip garaşmaýardy.
Şunuň üçin ýüzüni galdyryp bilmän, diňe bir derini syrmak bilen
boldy. Belki, ol Şükür bagşy bilen aýakdaş gidenini özüne namys
bilendir.
Gezek Şüküre geldi.
— Sazanda, indi sen başla, Gulam bagşy hem siziň heňleriňizi kowsun — diýip, han bozuk keýpi bilen aýtdy-da, onsoň öz
bagşysyna ýüzlenip:
— Gulam, hany, zoruňy görkezip başla, sen türkmenleriň
heňlerine özlerinden ökdesiň — diýdi.
Şüküriň han bagşysyna syny oturdy: «Munuň sazandalygy
uzakdan eşidileniçe bar eken. Han tanap alypdyr». Şükür içini
gepledip, onuň ýüzüne gaýtadan seretdi: «Dutary göni çalşyp,
muny ýeňmek bolmaz, dogany hem zyndandan çykaraýmak bolmaz. Sazanda sazandany şeýle çalşyp ýeňmez, aýry-aýry çalynsa
bilmeýärin. Şonda kimiň gowy çalýany belli bolar, näme etmek
gerek?» diýip, öz-özüne sorag berdi.
Ana, ol ýüzüni aşak saldy, dutarynyň kirşine syntgy berdi. Onuň ýüzüni aşak salyp pikirlenmeginden gorkaýmalydyr.
Han bagşysynyň nämesiniň barlygyny aňlap, onuň garşysyna
bir zatlar oýlasa-da oýlap oturandyr. Kirişleriň goşulyp gaýdýan
perdesine külem barmagyny basyp durdy-da, dutaryň gapagyna
kakdy. Ol dutarynyň guratlygyny şu ýerden bilip başlaýardy.
Gulam bagşynyň ýüzünden henizem der akyp dur, syryp ýetişse bolany. Ol nähili-de bolsa kyn-gyssag gören bolara çemeli.
Şüküriň taýýarlygy ony pikirlendirdi. «Munuň bilen deň saz çalşyp oturmak maňa ölüm» diýip içinden aýdýar-da, onuň ýüzüne
seredýär. Häzir hanyň-da, beýlekileriň-de gözleri Şükürdedi.
Myhmanyň äwmezlige salyp, kirşe syntgy bermegi, dutarynyň düzlüşini barlamagy, Gulamyň ýüregine düşdi. Onsoň
ol:
48
enedilim.com
— Hany, sazanda, bol — diýip, onuň üstüne-de sürnüp başlady.
Onda Şükür:
— Men bolungy, ýet — diýip, onuň ilki çalan heňi «Nar agajydy».
Bu heňi onuň öňünden gutularyn öýdüp çalýarmyka? «Nar
agajy» çalnanda Gulam başaşak inen ýaly boldy. Ony Şükür ýaňy
gördi ahyryn. Belki, onuň başlan ýerinden başlamagy isländir?
Gulam basmarlap gidip barýar. Şükür başga heňlere tutdy.
Ol ýene şeýle, bilmez diýen heňlerini bilýär.
«Näme etmeli?» Şükür ýene-de pikirlenmäge we öz-özüne
sorag bermäge durdy. «Bu boluşda munuň bilen aýgyt edip bolmaz. Şuňa ýene-de gözi ýetdi. Onuň üstüne hem eýýäm: «Sag
bol, Gulam bagşy» diýip, oňa bat berip başlanlar-da boldy. Deň
çalşyp otursalar-da «Han bagşysy ýeňdi» diýip gygyrjaklaryň barlygyny ol ozalam aňlaýardy. Onsoň ýene-de kirşe syntgy berjek
boldy. Şeýle edip, ara wagt salýar-da, ol pikirlenýär. Ýol agtarýar.
Ýol ýok. Haýsy heňe tutsa, Gulam hem bir ýanda bar.
Sazanda gyssanmaýan ýaly bolup otursa-da «Nätsemkäm?»
diýip, özüne soragy ýygy-ýygydan berýär. «Bu dara-direlikde näme edip bilersiň? Munuň çalyp bilmejek heňi ýok. Allajanlarym,
men pälime görä tapaýan bolmaýyn? Şeýle bolaýmasyn?»
Sazanda şeýle diýip, gaýgylanjak ýaly bolýar. Emma welin
onuň ýadyna häzir Garadäli gökleň, Döwletdurdy we ýeneler
düşmeýärdi. Onuň pikiri özüne ýetikdi. Diňe öz garşysyndakyny
ýeňmek hakynda oýlanýar. Gulam bagşy şondan başga zada onuň
elini ýetirmeýärdi. Ol çylşyrymly heňlerden biri diýip, haýsy bir
heňe tutsa, munda-da bolmaýar, han bagşysy aňry ýanyndan
düşýär. «Indi näme çalmaly? Onuň öňünden gutuljak heň ýok.
Onuň bilmeýän heňini nähili tapmaly ýa täzeden heň düzsem
bolmazmyka?» Ol oýlandy-da ýene dutarynyň kirşine syntgy bermäge durdy. Şundan peýdalanyp, sazanda ýene-de pikirlenýär.
Ana, ol ýüzüni galdyrdy. Onuň ýüki ýeňlän ýaly bolup göründi.
Ýüzi açyldy, gözleri hem gülüp duran ýaly boldy.
Bu ýöne ýerden däldir. Belki, ol özüniň näme etmelidigini
eýýäm bilip goýandyr we han bagşysyny masgaralamagyň syryny
49
enedilim.com
tapandyr.
— Çal, bagşy, bu indi ahyrky heňimiz bolmalydyr — diýip,
ol çalmaga oturdy. — Özüne hem ahmal bolma — diýdi. Bu
gezek dutaryň sesi başdan üýtgeşik çykdy. Sazandanyň elleri
göze ilerden çalt ýöräp başlady.
Muny Gulam hem aňlady we gözlerini süýrelýän göläniň gözi
ýaly edip, sazandanyň ýüzüne, onsoň hanyň ýüzüne seretdi-de:
— «Soňky» diýdiňmi, onda elde baryny et — diýdi. Onsoň
«Ýa Aly» diýip, özüni ýagşy raslady.
Häzirki çalynýan heň heniz görlüp-eşidilen heň däldi. Ol
şu ýerde han bagşysynyň owsuny aşagyn-da döräpdi. Sazanda oňa at dakmaga howlugyp, jedelli ýaryşda özüniň bir ýerde
saz çalyp bilşi bar bolsa, şolaryň hemmesinden peýdalanyp çaldy. Ellerini başynyň üstünden aýlap-aýlap çalýar. Şunuň ýaly
edip, Gulam bagşyny eýerdip barýarka, birden elini ýöne dutaryň
ýüzüne aýlap-aýlap goýberdi-de, çalyp barýan heňiniň soňuny
perdelerinden çykýan ses bilen doldurdy. Bu Şüküriň bir eli bilen
çalşydy.
Ana, hanyň apaly bagşysy sallançakdan ýykylan ýaly bolup,
heňiň nireden çykýanyny bilmän galdy. Onsoň hyrçyny dişläp,
başyny ýaýkady-da:
— Ah-ah, myhmanyň pylly-pyllysy — diýip, gyzaran ýüzüni
aşak saldy.
Öz bagşylaryna umyt baglap oturanlaryň aşagyna telpek oklanan ýaly boldy. Öz etjek haýynlyklary ugur almadyk han bolsa ýerinden zöwwe galdy. Bagşysyna gözlerini alardyp seretdi.
Onuň seredip durşy edil: «Seniň etiň kesilsin, meni masgara
etdiň» diýip gargaýan ýalydy.
Gulam dolanyp başyny galdyrmady. Sögülse-de, urulsa-da
kaýyl ýaly bolup oturdy. Ýüpek düşekçe demir tikene döndi.
Ýagdaýyny tapsa onuň üstünden turjak we nirä-de bolsa baş
salgyna gitjek. Ýöne welin yzyndan her kimiň bir zat diýerinden
gorkup, gozgana-da bilmeýär. Ol şeýle bir utanyp otyrdy, ýer
ýarylsa girjekdi. Handan başlap, ol hemmäniň gözünden düşdi.
Oňa diňe bir saz adamsy Şüküriň ýüregi awap seretdi-de, nämedir
gahar eden ýaly, ýaňky heňiň ýapgydyny jan agyrlylyk bilen berdi.
50
enedilim.com
Dutar gepläýjek bolýardy. Ýöne welin öz ýurdundakysy ýaly,
sazanda «Sag bol» diýen sesi eşitmeýärdi. Belki, diňleýjiler öz
bagşylaryny sylaýandyrlar ýa-da hanlarynyň burny-zady bilen
gyşaryp giden ýüzünden çekinýändirler, ýogsam olar: «Sag bol,
bagşy» diýerdiler. Biriniň-de turman, sazy diňläp oturyşlary şuny
çen etdirýärdi. «Han aga, size şu warak dutar bilen heň çalyp
bermäge geldim» diýip Şükür aýdanynda, göwni ýetmän gülen
han-da sazandanyň häzirki çalýan sazyna gulak salyp durmaga
mejbur boldy.
Tomaşaçylaryň gylla ýarysy diýen ýaly gelin-gyzlardy. Olar
märekäniň bir toparyny tutup otyrdylar. Erkek adamlar hem
otyrlar. Bu hanyň goýan tertibidir.
Oturmak tertibini bir ýaş aýal bozdy. Ol birden-kä el bilen
galdyrylan ýaly bolup, oturan ýerinden zöwwe galdy-da, hemmäniň gözüniň öňünde sömelip durdy. Onuň gözlerinden ýaş
boýurdap dökülýärdi.
«Kim bu, Gulam bagşynyň hossarymyka? Onuň ýeňlenine
hem utanyp oturanyna aglaýarmyka?» Oňa seredip oturanlaryň
arasynda şeýle çak edenleri hem boldy.
Oňa han hem seredip, onuň Gulam bagşynyň hossary däldigini, oňa gynanyp aglamaýandygyny bilýärdi. Ol gyz alyp gaçylyp
getirilen gyzdy. Onuň hanyň gyrnagy bolup ýörenine ýedi ýyl
bolupdyr. Şunça wagtyň içinde onuň yzyndan gelen bolmandyr.
Ozalam gahary gelip duran han oňa gahar bilen:
— Näme beýdip dursuň, dälirediňmi, otur! — diýdi.
— Oturyp bilmeýärin, han aga — diýip. ol sesli aglamaga
durdy.
— Otur diýdim, otur! — diýip, han gyzaryldy. Onuň ýüzüni
göreniňde, baryp çalybermekden hem gaýtmajagy görünýärdi.
Her halda ondan jogaba garaşyp, biraz durdy.
— Oturmaga ygtyýarym ýetmeýär — diýip, ol aýal jogap berdi.
— Men oturaýyn diýenimde oturar ýaly, han aga, öz ygtyýaryma
turmadym. Meni şu dutaryň zaryn sesi turuzdy. Häzir hem
meni agladyp duran şol. Men onuň sesinden öz ata-enelerimi,
önüp-ösen ýerlerimi, bütin ilimi görýärin. Şeýle bolansoň, men
neneň aglamaýyn, neneň gözlerimden ýaş dökmäýin?..
51
enedilim.com
Han bu bolşa näme aýdaryny bilmän, mähetdel galdy.
Orta dym-dyrslyk düşdi. Sazanda hem çalmagyny goýupdy.
Bu dymmaklygyň başy handan başlady. Ol böwrüne doňuz
diňini salýar, bagşysyna gözlerini alardyp seredýär. Ol şu ýerde
azdan-köpden we ýagşydan-ýamandan näme-de bolsa bir zat
aýtmalydygyna hemmäniň özüne garap oturmagyndan düşündi.
«Näme diýerkä, hälki aýdan sözüniň üstünde tapylarmyka,
eline düşen etmişlini şeýle berer goýberermikä? Onuň tarapyndan beýle dözümsizlik görlüp-eşidilen zatmydyr?» Märeke şeýle
çen bilen onuň ýüzüne seredýär we sülleren çal murtuň aşagyndan çykjak söze sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Şükür hemmesinden
beter garaşýardy. Ýöne welin hanyň sözünde tapylaryndan tapylmaz gorkusy kändi. Hanyň ýüzüni gyşardyp durmagyndan
ýagşylyga garaşmak mümkin däl ahyry.
Han bagşysyna ýene-de gözlerini alardyp seretdi. Şundan
bar günäni bagşysynyň üstüne atjagy görünýärdi. Ana, ol şeýle
hem etdi:
— Gulam (onuň adynyň «bagşy» goşandyny taşlap), seniň
maňa geregiň ýok. Meniň soran ýerimde seniň garaň görünmesin.
Sen meni masgara etdiň, biziň sazymyzy masgara etdiň. — Han
Şüküre ýüzlenip, sözüni dowam ätdi. — Myhman bagşy, meniň
bagşym bol-da gal, dünýäde kem zadyňy goýmaýyn — diýdi.
Sazanda ýöne başyny ýaýkamak bilen özüniň galmajagyny
aýtdy-da şeýle diýdi:
— Han aga, bagşyňdan göwnüň galmasyn, Gulam sazandanyň
sazanda kemi ýok. Ol han sazandasy-da, il sazandasy-da bolup
biljek.
— Onuň bagşylygy maňa gerek däl — diýip, han gygyrdy-da, özüniň gahar-gazabyna çydap bilmän, mejburlykdan özüniň
«diýsemmikäm, «ýa diýmesemmikäm» diýip ikirjiňläp duranlaryny aýdyp goýberdi.
— Indi, sazanda, doganyňy alyp gidip bilersiň, ýaňky Gulamy
ýeňen heňiňi bolsa ýene bir çalyp berde, bu gyzyňyzy hem alyp
git — diýip sözüni gutardy-da, han içini tutup, gark urup aşak
oturdy.
52
enedilim.com
— Han aga, men Gulam bagşynyň öňünde ýeke özüm saz
çalyp bilmerin. Şoňa görä onuň bilen bile çalmaga rugsat ediň —
diýip, Şükür sorady.
— Nähili çalsaň-da çal — diýdi.
— Bol, bagşy aga — diýip, Şükür başlady.
— Indi gutulmarsyň — diýip, Gulam hem eline dutaryny aldy.
Saz çaldylar, ertirden oturyşlaryna tä agşama çenli çaldylar.
Indi olaryň arasynda jetlik, bir-birini masgaralajak bolmaklyk
ýokdy.
Ikisi-de ak ýürek bilen halka hezil berjek bolup çaldy. Şeýle
hem etdiler.
Saz çalnyp gutarylandan soň, diňleýjiler handan-da, beýlekiden-de çekinmän, bagşylara doly ses bilen: «Sag boluň» diýdiler.
Iň sonunda Şükür Gulamyň gulagyna çawuş çakdy-da: —
Bagşy, günämi öt, ikimizi öjükdirip goýberen han boldy. Meni
ýüz dürli sap atmaga mejbur eden han boldy. Han günäkär, han —
diýdi. Gulam ýylgyrdy-da, ýüzüniň derini ýeňillik bilen syrdy, ol
ýönekeý ýylgyrmak däldi. Şüküriň: «Han günäkär, han» diýenine
goşulmagyň ýylgyrmasydy. Han myhmanyny şu günüň özünde
ugratdy we onuň yzyndan ýüregi awyly garap galdy.
Bu waka, indi hasap edip görsem, 1871-nji ýylda bolan eken.
53
enedilim.com
«Enedilim.com» sahypasynyň kitaphanasy.
—
Şükür bagşy, Nurmyrat Saryhanow
Türkmenistan Döwlet Neşirýaty – Aşgabat, 1961.
—
Redaktor: G. Seýitmädow
Suratçy: A. Salin
PDF-a geçirildi: 1. Noýabr 2014
Taýýarlan: Nazar Annagurban
—
Bu kitapdaky maglumat "bolşy ýaly" esaslarda, kepilliksiz getirilýär. Bu iş taýýarlananda ähli seresaplyk çäreleri görlen hem
bolsa, ne awtor(lar), ne «Enedilim.com» sahypasy bu işdäki informasiýa sebäpli çekilen göni ýa gytaklaýyn ýitgi ýa zelel üçin
hiç bir adamyň ýa guramanyň öňünde jogapkärçilik çekmeýär.