zenan syrlylygymy ia-da adatylyk?

GYZLYK PERDESI: ZENAN SYRLYLYGYMY ÝA-DA ADATYLYK?
Ýazan: Administrator
Şenbe, 05 Iýul 2014 17:00
Tebigat Zenany hoşboý ysly güllerden, daglaryň ak garyndan, bullurdap akýan çeşme
suwundan ýasap, oňa öz reňkleriniň iň gowsuny peşgeş beren bolmaly. Zenan näz-kereşmesi,
ejizligi, mähirliligi ony şeýle syrly edip görkezýän bolsa, onuň gözelligi, beden syraty erkek
adamlary özüne maýyl edýär.
Zenan bedeniniň gözelligi we syrlylygy şahyrlar tarapyndan wasp edilip, aýdymdyr-şygyrlarda
öz beýanyny tapan bolsa-da, zenan päkligini we gyzlyk mertebesini görkezýän gyzlyk perde
baradaky soraglar elmydama üns merkezinde bolmagynda galýar.
Gyzlyk perde... Syrlylygyň, buýsanmalaryň, oýlanmalaryň, ynanmazlygyň, jedelleriň gözbaşy.
Geliň onuň bilen baglanşykly, lukmana has ýygy berilýän soraglaryň üstünde durup geçeliň.
Gyzlyk perde näme we ol nirede ýerleşýär?
Gyzlyk perde (latyn. – hymen) – jynshananyň girelgesinde ýerleşip, daşky we içki jyns
agzalary araçäkleýän nemli örtügiň epinidir. Gyzlyk perde uly jyns dodaklardan 1-3 sm.
çuňlukda ýerleşip, ony has uzakdan gözleme synanşygy onuň zeperlenmegine getirip biler.
Perde birleşdiriji dokumadan ybarat söýget beriji esas görnüşde bolup, onuň içinden myşsa we
nerw süýümleri, gan damarlary geçýändir. Onuň düzümindäki myşsa süýümleri onuň çeýeligini
we berkligini, gan damarlarynyň sany – ýyrtylmada ganyň mykdaryny, nerw süýümleriň mukdary
bolsa – ýyrtylmada agyrynyň häsiýetini kesgitleýändir.
Gyzlyk perdäniň ilkibaşdan bitewi däldigini we onda bir ýa-da birnäçe deşijekleriň
ýerleşýändigini bellemelidir. Ol deşijekler aýbaşy ganly bölünip çykmalar, nem üçin çykalga
bolup durýandyrlar.
Gyzlyk perdede deşijekler bar bolsa, ol onda näme üçin gerek?
1/4
GYZLYK PERDESI: ZENAN SYRLYLYGYMY ÝA-DA ADATYLYK?
Ýazan: Administrator
Şenbe, 05 Iýul 2014 17:00
Lukmanlaryň bellemegine görä, gyzlyk perde jynshanany ýokançlyklardan gorap, onuň
arassaçylygyny üpjün edýär. Onuň ýyrtylmasyndan soň, jynshananyň mikroflorasy üýtgäp, ol
bakteriýalaryň dürli görnüşiniň köpelmegine sezewar bolýar.
Gyzlyk perdäniň dürli görnüşleriniň bardygyny eşitdim. Şol dogrumyka?
Gyzlyk perde dürli görnüşlerde bolup, onuň 20-ä golaý görnüşini tapawutlandyrýarlar: halka
şekilli, ýarymaý we ýarymaý gyraly, dodak görnüşli, gyralary diş-diş görnüşli, bölekleýin şekilli,
gyrkyndyk şekilli, araçäkli, iki bölek şekilli, elek şekilli, ösüntgi şekilli, deşik şekilli we başgalar.
Gyzlyk perdesi doga bolman bilermi?
Käbir ýagdaýlarda gyzlyk perde doga bolman hem biler ýa-da ol deşijeksiz bolup biler. Dürli
ýagdaýlaryň täsiri bilen, tyg emele gelme we sepleşme hadysalary esasynda perdäniň
deşijekleri ýapylyp hem biler ýa-da perde öz-özünden ýyrtylyp hem bilýändir.
Gyzlyk perdäni nähili şikeslendirip bolýar?
Jynsy gatnaşyklaryň geçirilmegi netijesinde gyzlyk perdäniň ýyrtylyp bilinjekdigini nazara
almazdan, ony şikeslendirip biljek başga sebäpleriň üstünde durup geçeliň:
► Seksual oýunlar – barmaklar bilen gyjyndyrma, ujydyň jynshana doly salynman daşky jyns
agzalary gyjyndyrmagy perdäniň zeperlenmeginiň sebäbi bolup biler. Şeýle seksual oýunlaryň,
perdäni şikeslendirmese hem, göwreliligiň galmagyna sebäp bolup biljekdigini ýatdan çykarmaly
däldir. Erkeklik dölüniň gyzyň daşky jyns agzalaryna düşüp, hereketjeň erkeklik jyns öýjükleriniň
perdäniň deşijeginden jynshana, soň bolsa ýatga ýetmegi mümkindir.
► Öz-özüňi gyjyndyrma (masturbasiýa) – jynshana barmagyň (barmaklaryň) ýa-da başga
zatlaryň salynmagy netijesinde hem perde şikeslenip biler. Emaý bilen geçirilen hereketler
hemişe ýyrtylma getirip bilmeýär, çünki perde çeýe bolup, ol süýnmäge ukyplydyr. Ondan
başga-da, barmaklar bilen perdäniň deşijeginden onuň aňyrsyna geçilmegi, perdäniň
duýulmazlygyna hem getirip bilýändir. Her niçik hem bolsa, şeýle oýunlar perdäniň, gyzyň özi
2/4
GYZLYK PERDESI: ZENAN SYRLYLYGYMY ÝA-DA ADATYLYK?
Ýazan: Administrator
Şenbe, 05 Iýul 2014 17:00
üçin agyrsyr geçen sikeslenmegine getirip biljekdigini ýatda saklamalydyr.
► Gigiýeniki serişdeleriň (tampon) nädogry ulanylmagy – gyzlar üçin ulanylmaga niýetlenen
gigiýeniki serişdeler, ýörite geçirijileriň (applikator) kömegi bilen goýulanda şikeslenmä getirip
bilmeýär. Şeýle gigiýeniki serişdeleri ulanmak üçin ýörite usullylygyň gerekdigini belläp, gyzlara
serişdeleriň başga görnüşlerini saýlamaklaryny maslahat berýäris.
► Aýal lukmanyň barlagynda ýörite lukmançylyk enjamlaryň ulanylmagy – beýle ýagdaýlar
örän seýrek duş gelip, näsag özüniň gyzdygyny aýtmagy ýadyndan çykaran halatlarynda bolup
biler.
► Çagalyk döwründe ene-atalaryň gyzjagazlaryň daşky jyns agzalaryny oňaýsyz ýuwmagy.
Sport bilen meşgullanma ýa-da tans etmek gyzlyk perdäniň şikeslenmegine getirip
bilermi?
Gyzlyk perde daşky täsirleriň, şol sanda: bir zada dyrmaşyp münme, sport ýa-da tans bilen
meşgullanma, kinnigi gyjyndyrma, çanaklygyň şikeslenmegi, ýörite biçüwli, gysyp duran içki
geşimleriň (stringi) geýilmegi netijesinde şikeslenmeýär.
Birinji jynsy gatnaşyklarda agyrynyň we ganyň bolmazlygy, onuň öň ýyrtylandygyny
aňladyp bilermi?
Jynsy gatnaşyklar gyzlyk perdäni ýyrtyp biljek esasy sebäp bolup durýandyr. Birinji
gatnaşyklarda (deflorasiýa) perdäniň ýyrtylmagy agyrynyň döremegi we ganyň akmagy bilen
geçip biler. Ýöne agyry we ganly bölünip çykmalar bolup biljek alamat bolsa-da, hökmany ýüze
çykmaly alamat däldigine ünsüňizi çekesimiz gelýär. Eger perde galyň bolup, gan damarlaryna
we nerw süýümlerine baý bolan halatynda, ganyň köp mukdarynyň gelip, agyrynyň bolmagy
mümkindir. Eger gyzlyk perde ýuka we çeýe bolup, gan we nerw birikmelerine garyp bolan
ýagdaýynda, gan gelme we güýçli agyry syn edilmän hem biler.
3/4
GYZLYK PERDESI: ZENAN SYRLYLYGYMY ÝA-DA ADATYLYK?
Ýazan: Administrator
Şenbe, 05 Iýul 2014 17:00
Kähalatlarda, perde juda çeýe bolup, süýnmäge ukyply bolan ýagdaýynda ol çaga dogrumyna
çenli ýyrtylman hem bilýändir. Şeýle ýagdaý ýarymaý şekilli, ortada ýerleşýän uly deşijekli
perdede syn edilip bilner. Ýöne dogrumdan soň perde tutuşlaýyn ýyrtylyp, onuň diňe bölejikleri
galýar.
Birinji jynsy gatnaşyklarda gyzlyk perde ýyrtylman hem bilýärmi?
Galyň, birleşdiriji dokuma baý gyzlyk perde ilkinji gije erkek adam tarapyndan
"alynman" hem bilýändir. Ony ýyrtma synanşyklary gyzda güýçli agyrylary döredip,
jynsy gatnaşyklara bolan gorkynyň we seksual sowuklygyň döremeginiň sebäbi bolup biler.
Düýpli psihologiki kynçylyklaryň öňüni almak maksady bilen, şeýle gyzlyk perde lukman
tarapyndan dilnip (hirurgiki deflorasiýa) aýrylmalydyr.
Gyzlyk perdäniň bardygyny nädip bilip bolýar?
Gyzlyk perdäniň bardygyny diňe akuşer-ginekolog lukmany kesgitläp bilýär. Barlag netijesinde
ol onuň bardygyny ýa-da ýokdugyny, haçan ýyrtylandygyny anyklap bilýändir.
Gyzlyk perdäni özbaşdak anyklama synanşyklarynyň bütün perdäniň şikeslenmegine hem
getirip biljekdigini ýatladasymyz gelýär.
Ýyrtylan gyzlyk perdäni täzeden dikeldip bolýarmy?
Gyzlyk perdäniň täzeden dikeldilme operasiýasyny "gimenoplastika" diýip
atlandyrýarlar. Ahlaklylyk we däp-dessur kadalaryny göz öňüne tutup, ýuridiki esasda biziň
lukmançylyk merkezlerimizde bu operasiýany geçirme rugsat edilmeýär.
4/4